-nji fewralda “Samsung” kompaniýasy täze smartfonlaryny (“Galaxy S20”, “Galaxy S20 Plus”, “Galaxy S20 Ultra” hem-de “Galaxy Z Flip”) we “Galaxy Buds+” geçirijisiz gulaklygyny tanyşdyrdy. Telefonlaryň iň naýbaşysy hasaplanýan “S20 Ultra” has ýokary ülňülerde taýýarlanypdyr. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde geçirilen dabarada tanyşdyrylan “Galaxy S20 Ultra” seriýanyň beýleki iki modelinden has ulurak bolup, tehniki aýratynlyklary babatda hem tapawutlanýar. 5G aýratynlykly smartfonyň ululygy 6,9 dýuýma deň. Smartfonyň öňki kamerasy beýleki iki modelde bolşy ýaly, ortada ýerleşdirilipdir. Telefonyň ýüzüni tutuşlygyna diýen ýaly ekran gaplaýar. Yzky kameralar we sensorlar bolsa gönüburçlugyň içine ýerleşdirilipdir. Koreý kompaniýasynyň şu ýylyň başynda satuwa hödürlän “Galaxy A51” modeliniň kameralary hem şuňa meňzeşdi. Enjamyň yz tarapynyň örtügi berk aýnadan ýasalypdyr. Enjamyň ululygy 167 mm x 76 mm, galyňlygy 8,8 mm. Smartfonyň ekranynyň durulygy 3200 x 1440 piksel.
“Samsung” kompaniýasy geçen ýyl “Xiaomi Mi Note 10 Pro” enjamy üçin 108 MP durulygynda sensor işläp taýýarlapdy. Kompaniýa häzirki wagtda iň ýokary durulykda surata almaga mümkinçilik berýän bu kamerany “Galaxy S20 Ultra”-nyň esasy kamerasy hökmünde ulanmagy makul bilipdir. Smartfonda 48 MP durulygynda telefoto, 12 MP durulygynda “Sony” kamera hem-de çuňluk kamerasy oturdylypdyr. “Galaxy S20 Ultra”-nyň kamerasy bilen 8K durulygynda wideoýazgy almak mümkin. Mundan başga-da, 4K we “Full HD” durulygynda wideo düşürip bolýar. Entek 8K telewizorlaryň hem o diýen ýaýbaňlanmandygyny göz öňünde tutsaň, kompaniýanyň tehnologiýa babatda näderejede öňde barýandygyna göz ýetirmek mümkin. Häzirki wagtda telefonlaryň öň tarapdaky kameralarynyň hem ähmiýeti barha artýar. Smartfonda 40 MP durulygynda surata alýan örän güýçli kamera oturdylypdyr. Bu kamera bilen 4K durulygynda hem wideo düşürip bolýar. Enjamyň batareýasynyň uzak wagtlap tok saklaýandygy we gysga wagtda zarýad alýandygy aýdyldy. RAM-y 12 we 16 GB bolan “Ultra S20”-niň içki ýady 128 GB we 256 GB bolup, ony çip arkaly 1 TB-a ýetirip bolýar.