1989-njy ýylyň aprel aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyran, häzire çenli 694 sanysy öndürilen “Boeing 747-400” uçary, uly göwrümli howa gämileriniň biri hasaplanýar. Uçaryň beýleki 747-lerden esasy tapawutlarynyň biri-de gysga ýollara hem gonup we uçup bilýänligidir. “British Airways” awiakompaniýasyna degişli şeýle uçarlaryň biri täsin rekord goýdy. Nýu-Ýorkuň Jon Kennedi adyndaky halkara howa menzilinden uçan “Boeing 747-400” Londonyň Hitrou aeroportyna 4 sagat 56 minutda bardy. Şeýlelikde, howa gämisi syýahatyny bolmalysyndan 1 sagat 20 minut ir tamamlady. Mundan ozalky rekord Norwegiýanyň “Norwegian air” kompaniýasyna degişlidi. 2018-nji ýylda “Boeing 787 Dreamliner” uçary bilen amala aşyrylan bu uçuşda iki şäher 5 sagat 13 minutda geçilipdi.
Bu tizlik rekordlaryny goýmak üçin, uçaryň ýüki azaldylmandyr ýa-da gysga ýoldan gidilmändir. Howa gämisiniň has tiz hereket etmeginde ýeliň täsiri bolupdyr. “British Airways”-iň uçary howada barýarka, ummanyň üstünde tizligi sagatda 320 km-e ýetýän ýel bolupdyr. Şeýlelikde, ses tizliginiň aşagyndaky rekord – 1327 km tizlige ýetilipdir. Belli bir belentlikden öwüsýän ýel uçarlaryň tizligine täsir edip bilýär.