Şu ýy­lyň 31-nji ýan­wa­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de türk­men top­ra­gy­ny mun­dan bu­ýa­na hem ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, onuň gö­zel te­bi­ga­ty­ny has-da baý­laş­dyr­mak, şeý­le-de Türk­me­nis­tan­da Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly Ka­ra­ra gol çek­di. Bu Ka­rar esa­syn­da mi­nistr­lik­le­re we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­ne Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý we Bä­her­den et­rap­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag­la­ryň we üzü­miň 5 mil­li­on düýp na­ha­ly­ny, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne we­la­ýa­tyň çä­gin­de ýo­kar­da ag­za­lan agaç­la­ryň 5 mil­li­on düýp na­ha­ly­nyň ekil­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.
Türk­men top­ra­gy­nyň äh­li ýe­rin­de te­bi­ga­tyň eçi­len gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­lik­le­ri bar. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: “Çog­ly Gü­ne­şi, gaý­ta­lan­ma­jak öz­bo­luş­ly­ly­gy, aja­ýyp te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri, tä­sin ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bo­lan türk­men top­ra­gy­nyň te­bi­ga­ty tä­sin gö­zel­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar” di­ýip bel­le­ýär.
Da­ragt nä­çe köp otur­dyl­sa, ho­wa­myz şon­ça-da tä­miz­len­ýär. Se­bä­bi, yl­my mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 1 gek­tar ýer­de ösüp otu­ran bag­lar her gün 220-280 ki­log­ra­ma çen­li kö­mür­tur­şy ga­zy ýu­wud­ýar, de­re­gi­ne hem 180-220 ki­log­ra­ma çen­li dem al­mak üçin ada­ma ze­rur kis­lo­ro­dy ber­ýär hem-de ony to­zan­dyr mik­rop­lar­dan sap­la­ýan fi­ton­sid ji­si­mi bö­lüp çy­kar­ýar. Bir metr ine­dör­dül meý­dan­da­ky ýa­şyl ot­lar 200 gram su­wy bu­gard­ýar, ho­wa­nyň çyg­ly­ly­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ys­sy­sy, gu­rak­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ül­kä­miz­de ho­wa­nyň çyg­ly­ly­gy­nyň ka­da­laş­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär, mik­rok­li­ma­ty go­wu­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem bir gek­tar mek­ge­jö­wen­li meý­da­nyň 15 ton­na kis­lo­ro­dy tö­we­re­ge ýaý­rad­ýan­dy­gy, bir ösümlik bir ýyl­da 113 ki­log­ra­ma go­laý kis­lo­rod ön­dür­ýän­di­gi we iki sa­ny uly ba­gyň dört ada­myň bir ýyl­ky kis­lo­ro­da bo­lan is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar örän tä­sin­dir. Şo­nuň üçin, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly alyp bar­ma­ga ze­rur bo­lan aras­sa eko­lo­gik şert­le­ri, müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek üçin şä­her­dir oba­la­ryň, gür ilat­ly ýer­le­riň, kär­ha­na­dyr-eda­ra­la­ryň tö­we­re­gi­niň, ýol ýa­ka­la­ry­nyň gür bag­ly­ga öw­rül­me­gi üçin, uly ala­da ed­ýär. Bag­la­ryň sa­na­wyn­da mi­we­li we üzüm agaç­la­ry­nyň bol­ma­gy, ila­ty­my­zy dür­li mi­we­le­riň we üzüm­le­riň ter we gaý­ta­dan iş­le­nen gör­nü­şi bi­len üp­jün et­mek­de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. “Agaç ek, mi­we­sin­den yn­san iýer, al­kyş okar, guş hö­würt­ge­lär, nag­ma aý­dar, öteg­çi kö­le­ge­lär, mü­rew­wet ýa­gar” di­ýip, gadymy ki­tap­lar­da ýa­zy­lyp­dyr. Il için­de “Ýaş­ly­gyn­dan na­hal ek­me­dik, gar­ra­nyn­da kö­le­ge­de otur­maz” di­ýen gürrüň bar. Hut şo­nuň üçin hem 2013-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny” ka­bul et­di. Mak­sat­na­ma­da ta­kyk gör­ke­zi­li­şi ýa­ly, Aral­ýa­ka se­bi­ti­niň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň sag­dyn­laş­ma­gy üçin, bu iş örän mö­hüm­dir. Onuň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri, bag na­hal­la­ry­ny, şol san­da be­zeg bag­la­ry­ny ýe­tiş­dir­mek we ek­mek bo­lup dur­ýar. Ol ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­dir, bio­dür­lü­li­gi üp­jün et­mek­dir, ho­wa­ny tä­ze­le­­mek­dir. We­la­ýaty­myz­da kö­çe­le­riň iki gap­da­ly­na be­zeg be­rip otu­ran uzyn we syr­dam ak de­rek­ler, go­ýy sa­ýa­ly, türk­me­niň “Gö­rog­ly” şa­des­sa­nyn­da was­py ýe­ti­ril­ýän gü­jüm aga­jy hem köp­çü­lik­le­ýin ekil­ýär. Çün­ki, te­bi­ga­tyň öý­keni sa­ýyl­ýan to­kaý­lar, şol bir wag­tyň özün­de, ýel­dir ýag­myr­dan, to­zan-kir­şen­den go­ra­ýan ta­pyl­gy­syz te­bi­gy se­riş­de­dir.
Goý, “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” şy­ga­ry bi­len geç­ýän aja­ýyp ýy­ly­myz ag­zy­bir we dö­re­di­ji hal­ky­my­za şow­lu­lyk­la­ry, uly üs­tün­lik­le­ri we ro­waç­lyk­la­ry ge­tir­sin. Bag ek­mek, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek ýa­ly ýag­şy ýö­rel­ge­le­riň da­ba­ra­lan­ma­gy­na ba­dal­ga ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun! Il­deş­le­ri­mi­ze bol­sa, yh­las bi­len eken bag­la­ry­nyň mi­we­si­ni iýip, sa­ýa­syn­da sa­ýa­la­ma­gy ar­zuw ed­ýä­ris!

Ju­ma­gül Ho­ja­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler
ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat
bir­leş­me­si­niň pu­dak­lar bo­ýun­ça
ut­gaş­dy­ry­jy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň
us­sat mu­gal­ly­my.