“Ja­gu­ar Land Rover” kom­pa­ni­ýa­sy gat­naw pu­da­gy­ny düýp­gö­ter tä­ze­le­jek ula­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. Iň­lis kom­pa­ni­ýa­sy mu­nuň üçin öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän elekt­ro­kar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. “Pro­ject Vector” at­ly ulag şä­her için­de ýo­lag­çy gat­na­wy­ny ama­la aşyr­ma­ga ni­ýet­le­nen. Ýo­lag­çy­la­ryň daş-tö­we­re­gi syn­la­mak­la­ry üçin oňa giň pen­ji­re­ler otur­dy­lyp­dyr. Kom­pa­ni­ýa in­di­ki ýyl­dan baş­lap, sy­nag mak­sat­ly gat­naw­la­ry ýo­la goý­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Uzyn­ly­gy 4 met­re ba­ra­bar bo­lan ula­gyň içi­ni ýo­lag­çy is­le­gi­ne gö­rä üýt­ge­dip bil­ýär. My­sal üçin, ýa­nyn­da ulu­rak ýü­ki bar bol­sa, ony ýer­leş­dir­mek üçin boş du­ran otur­gy­jy gal­dy­ryp ýa-da süý­şü­rip bil­ýär. Bu ulag Ang­li­ýa­nyň Mil­li aw­tou­lag in­no­wa­si­ýa mer­ke­zin­de iş­le­nip taý­ýar­la­nyp­dyr.

Bi­ler­men­ler hyýaly film­ler­de gö­rüp bol­ýan sü­rü­ji­siz ulag­la­ryň ýol he­re­ke­ti­ne go­şul­ma­gy­nyň uzak­da däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu ugur­da “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Way­mo” ula­gy bi­len hä­zi­re çen­li uly iş­ler bi­ti­ril­di. Iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler sü­rü­ji­siz ulag­lar bi­len bir ha­tar­da uç­ýan tak­si­le­ri hem iş­läp taý­ýar­la­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär­ler.