Eýeçiligi “General Motors”-dan PSA toparyna geçeninden soňra girdejisini has-da ýokarlandyryp başlan “Opel” brendi ýapon bazaryna dolanmagy maksat edinýär. Elektrokar önümçiligine hem ähmiýet berýän nemes brendi “Corsa” modeliniň dürli görnüşlerini taýýarlaýar. Indiki ýyldan başlap, brendiň üç modeli Ýaponiýada satuwa çykarylar. Ilkinji nobatda, “Corsa”, “Grandland X” we “Combo Life” modelleri ýapon müşderilerine hödürlener. Brendiň ýolbaşçysy Mihael Lohşeller Ýaponiýanyň dünýäniň iň uly awtoulag bazarlaryndan biridigini belläp, “Opel”-iň bu bazarda nemes brendi hökmünde abraýynyň ýokarydygyny aýtdy. PSA topary “Peugeot”, “Citroen”, DS, “Opel” we “Vauxhall” brendlerini özünde jemleýän köpmilletli awtoulag öndüriji hasaplanýar. Häzirki wagtda Ýaponiýada “Peugeot”, “Citroen” we DS brendlerine degişli ulaglar satylýar. Ýeri gelende aýtsak, iri önüm öndürijiler ýol hereketi çeptaraplaýyn bolandygy sebäpli, Ýaponiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar üçin aýratyn model çykarmaly bolýarlar.