451032.jpg“Civilized Cycles” atly şereket şäher içinde sürmäge niýetlenen elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedini tanyşdyrdy. “Model 1” atly ulag iki orunlyk bolup, ýük daşamak üçin hem örän amatlydyr. Ulagda “Bosch” kompaniýasynyň işläp taýýarlan hereketlendirijisi oturdylypdyr. “Ýaşyl” ulagyň kuwwaty boýunça üç görnüşi bar. Iň kuwwatlysy 45 km/s tizlik bilen hereket edýär. Sürüji islese pedaly aýlamak bilen onuň has az energiýa bilen ýöremegine goşant goşup bilýär, islese motor sürýän ýaly arkaýyn oturyp bilýär. Welosipediň yz tarapynda ulalyp-kiçelýän ýük goýulýan bölüm bar. Bir gezekki zarýady bilen 40 km-e çenli ýol geçip bilýän welosiped rahatlygy bilen hem tapawutlanýar.