Oýnuň oýnaljak ýeri:
Sport meýdançalary ýa-da sport desgasy.
Oýna taýýarlyk:
Meýdançada göni çyzygy aňladýan, biri-birinden 16–18 metr uzaklykda, uzynlygy 18–20 metr bolan ugurdaş çyzyk çyzylýar. Meýdançanyň ölçegleri oýunçylaryň sanyna görä üýtgäp biler. Oýna 10-dan 30-a çenli oýunçy gatnaşyp biler. Oýunçylar iki topara bölünýärler. Olar uzaklykdaky çyzygyň daşynda, ýagny pellehanalarda durýarlar. Her topar özüne öňbaşçy saýlaýar we bije atylyp, haýsy toparyň oýna birinji başlamalydygy bellenilýär.
Oýnuň oýnalyşy:
Oýny birinji başlaýan toparyň öňbaşçysy bir oýunçyny hüjümçi belleýär. Garşydaş toparyň öňbaşçysy bolsa, bir oýunçyny goragçy edip, meýdançanyň ortasyna çykarýar. Öňbaşçynyň rugsady bilen hüjümçi öz pellehanasyndan beýleki pellehana goragça tutdurman, gidip gelmeli. Eger-de goraýjy hüjümçä elini degrip bilse, onda şol hüjümçi olja edilip alynýar we bellenilen ýerde oturdylýar. Hüjümçiler goragçy, goragçylaram hüjümçi bolýarlar. Eger hüjümçi goragça tutdurman, pellehanadan pellehana gidip gelse, onda goraýjylaryň bir oýunçysy olja edilip berilýär. Ol hem ýörite bellenen ýerde oturdylýar. Oýny hüjümçiler dowam etdirýärler. Oýnuň netijesinde haýsy topar köp olja alsa, şol topar ýeňiji bolýar.
Oýnuň düzgünleri:
1. Hüjümçä oýun meýdançasynyň çäginden çykmak bolmaýar.
2. Eger hüjümçi goragçydan gaçyp, meýdançadan çyksa, onda ol olja edilip alynýar.