Oýnuň oýnaljak ýeri we oňa gerek serişdeler. Oýun sport meýdançalarynda ýa-da sport öýünde oýnalýar. Oýny oýnamak üçin bir sany göwrümi uly bolmadyk rezin top ýa-da woleýbol topy gerek.
Oýna taýýarlyk. Oýna 30–40 oýunçy gatnaşyp biler. Oýunçylar bije atyşyp, deň iki topara bölünýärler we haýsy toparyň “awçy” ýa-da “ördek” bolmalydygy kesgitlenilýär. Meýdançada adam sanyna görä, “köli” aňladýan tegelek ýa-da dörtburçluk çyzyk çyzylýar. Awçy toparyň oýunçylary kölüň daşynda deň aralygy saklap, çyzygy basman durýarlar. Ördek toparyň oýunçylary bolsa kölüň içine pytraýarlar.
Oýnuň oýnalyşy. Ýolbaşçy awçy toparyň oýunçysyna topy berip, oýny başlamaga rugsat edýär. Şondan soň awçy toparyň oýunçylary topy öz oýunçylaryna oklaşyp, amatly pursatdan peýdalanyp, ördek toparyň oýunçylaryny top bilen urup, oýundan çykarmaga synanyşýarlar. Ördek toparyň oýunçylary bolsa kölüň çäginden çykman, islendik tarapa ylgap, dürli hereketler edip, awçylara top bilen urdurmajak bolýarlar. Top bilen urlan oýunçy oýundan çykýar. Awçy topar ördek toparyň oýunçylarynyň hemmesini top bilen urup çykarýança oýun dowam edýär. Soň toparlar orunlaryny çalyşýarlar we oýun täzeden başlanýar. Oýun wagt bellenip hem oýnalýar. Haýsy topar ördekleri çalt awlan bolsa, şol topar hem utýar.
Oýnuň düzgünleri:
1. Awçylar duran ýerlerinden çyzygy basman, topy ördeklere çenäp zyňyp ýa-da biri-birlerine oklaşyp bilerler.
2. Awçynyň zyňan topy, ýere degmän, ördege göni degse, onda ol oýundan çykýar. Eger top ýere degip, soň ördege degse, ol hasap edilmeýär.
3. Kölüň çäginden çykan ördek uruldy hasap edilip, oýundan çykarylýar.