Geçen ýyl satuwa çykarylan 5G telefonlaryň görnüşiniň artmagy bilen şu ýylyň dowamynda satuwynyň görnetin ýokarlanmagyna garaşylýar. “Strategy Analytics” şereketiniň hünärmenleri bu telefonlaryň bahasynyň bäsdeşligiň ýitileşmegi bilen arzanlaýandygyny, şol sebäpli satuwynyň ýokarlanjakdygyny belleýärler. Häzirki wagtda dünýäde 4G telefonlaryň sanynyň bolsa 1,16 milliarda ýetýändigi, bu görkezijiniň ýylyň ahyryna çenli 1,36 milliarda ýetmegine garaşylýandygy çaklanylýar. 5G-li telefonlaryň sany bolsa, 199 milliona ýeter. Şeýlelikde, telefonlaryň 15 göterimini 5G-li smartfonlar emele getirer. Geçen ýylyň dowamynda global bazarda 19 million 5G telefony satylypdyr. Bu görkeziji müşderilere ýetirilen telefonlaryň bir göterimini emele getirýär. Bilermenler, esasan, Hytaý, ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa we Koreýa ýaly iri bazarlarda 5G telefonlarynyň has köp satylmagyna garaşýarlar. Bilermenler internet aragatnaşygynyň 5G-li smartfonlaryň ýylyň ikinji ýarymynda has köp satyljakdygyny belleýärler. Mundan 5G infrastrukturasynyň ýaýbaňlanmagynyň täsiriniň uly boljakdygy bellenilýär. Bu smartfonlaryň sany 2025-nji ýylda bir milliarddan geçer.