Ýa­po­ni­ýa­nyň taý­ýar­lan MMX at­ly kos­mos gä­mi­si Mar­syň Fo­bos at­ly hem­ra­syn­da top­rak ji­sim­le­ri­ni ge­ti­rer. Ýur­duň kos­mos bar­lag­la­ry agent­li­gi (JAXA) kos­mos gä­mi­si­niň 2024-nji ýyl­da taý­ýar bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýa­pon ast­ro­nom­la­ry Mar­syň Fo­bos we Deý­mos hem­ra­la­ry­nyň nä­hi­li eme­le ge­len­dik­le­ri­ni düýp­li öw­ren­mek is­le­ýär. Bu mak­sat bi­len iş­le­nip dü­zül­jek kos­mos gä­mi­si 2025-nji ýyl­da Gy­zyl pla­ne­ta ba­rar. MMX üç ýyl­lap Mar­syň hem­ra­la­ry­ny has ýa­kyn­dan öw­ren­mä­ge we kar­ta­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Üç ýyl­dan soň­ra bol­sa, kos­mos gä­mi­si Fo­bo­sa ta­rap he­re­ket eder we onuň ýü­zü­ne go­nar. Bu ýer­de ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe sa­gat bol­jak kos­mos gä­mi­si top­ra­gy 2 san­ti­metr ga­zyp, 10 gram top­rak alar. Şon­dan soň­ra bol­sa, 2028-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Ýe­re ta­rap gaý­dyp, 2029-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da pla­ne­ta­my­za ge­lip ýe­ter. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de peý­da­la­nyl­jak en­jam­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy­na beý­le­ki ýurt­la­ryň kos­mos eda­ra­la­ry hem gol­daw be­rer. Bu iki as­man ji­si­mi Mar­sa örän ýa­kyn bo­lup, adam­ly uçuş­la­ryň il­ki Gy­zyl pla­ne­ta däl-de, bu hem­ra­la­ra ama­la aşy­ry­lyp bi­lin­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Fo­bos Mar­syň 6 müň ki­lo­metr, Deý­mos 20 müň ki­lo­metr gap­da­lyn­dan aý­lan­ýar. Ast­ro­nom­lar bu iki as­man ji­si­mi­niň Mar­syň dar­tyş güý­ji se­bäp­li onuň or­bi­ta­sy­na gi­ren bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Fo­bo­syň we Deý­mo­syň dia­met­ri de­giş­li­lik­de, 22,2 we 12,2 ki­lo­met­re ba­ra­bar.