Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy üçin hem yzy­gi­der­li ala­da­lan­ýar. Hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň ga­na­ty bo­lan aý­dym-saz sun­ga­ty­ny ös­dür­mek Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär.
Bi­ziň säh­ra gö­wün pe­der­le­ri­miz aý­dym-sa­zy dur­muş­da he­mi­şe­lik hem­ra­sy­na öw­rüp­dir­ler. Aý­dym-saz äle­mi­niň us­sat­la­ry­nyň her bir aý­dym-sa­zy uly yh­las bi­len dö­re­den­dik­le­ri mä­lim ha­ky­kat­dyr. Meş­hur sa­zan­da Myl­ly Täç­my­ra­do­wyň şä­girt­le­ri­ne: “Bir sa­zy dö­ret­mek bir da­rag­ty ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren­çe bar­dyr, hat­da on­da­nam kyn­dyr, azap ediň” di­ýen söz­le­ri, Sa­ry bag­şy ýa­ly ha­ly­pa­la­ryň: “Türk­me­niň aý­dym-sa­zy bör­ňül­däp ýa­tan aka­ba­dyr, aza­by­ny çek­me­seň, on­dan sa­ňa agyz­su­wam ýet­mez” di­ýen pent­le­ri yk­ba­ly­ny sun­gat äle­mi­ne bag­lan adam­lar üçin he­mi­şe­lik dur­muş ýö­rel­ge­si bo­lup­dyr. Gul­gel­di us­sa, Aman­gel­di Gö­nü­bek, Şü­kür bag­şy, Kel bag­şy, Hal­ly bag­şy, Päl­wan bag­şy, Mag­tym­gu­ly Gar­ly, Oraz Sa­lyr, Päl­wan bag­şy, Hy­dyr bag­şy, No­bat bag­şy, Dur­dy My­rat, Öre Şyh … ýa­ly asyr­la­ryň or­ta çy­ka­ran us­sat­la­ry­nyň çe­ken zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, türk­men aý­dym-saz­la­ry kä­mil­lik de­re­je­si­ne eýe bo­lup­dyr.
Sun­ga­tyň her bir ug­ru­nyň ro­waç­ly­ga bes­len­me­gi üçin, oza­ly bi­len aja­ýyp dö­wür, aja­ýyp za­ma­na der­wa­ýys. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men sun­ga­ty mil­li Li­de­ri­mi­ziň he­mi­şe­lik ala­da­sy ne­ti­je­sin­de, uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Aý­dym-saz ug­run­dan ýur­du­myz­da ýy­gy-ýy­gy­dan ge­çi­ril­ýän fes­ti­wal­lar, bäs­le­şik­ler, me­de­ni­ýet gün­le­ri bu ug­ruň ýaý­baň­lan­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän me­de­ni­ýet gün­le­ri bol­sa, türk­men aý­dym-saz­la­ry­nyň owa­zy­nyň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Şu ýer­de bir ýag­da­ýy aý­ra­tyn nyg­tap geç­mek is­le­ýä­ris, ol hem eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň yla­hy ze­hi­ni­ni türk­me­niň mil­li mi­ra­sy­na, me­de­ni baý­lyk­la­ry­na ba­gyş­la­ma­gy­dyr. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hal­ky­myz mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň dö­wet ga­la­my­nyň as­tyn­dan çy­kan türk­men ha­ly­la­ry­myz, be­dew at­la­ry­myz, be­ýik söz us­sat­la­ry­myz, mah­la­sy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz ha­kyn­da dö­re­den aja­ýyp eser­le­ri­ne eýe bol­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz türk­men aý­dym-saz­la­ry­na hem ba­gyş­lap “Ile döw­let ge­ler bol­sa” at­ly di­wa­ny­ny hal­ky­my­za peş­geş ber­di. Aja­ýyp sun­gat us­sat­la­ry­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ren mil­li aý­dym-saz me­de­ni­ýe­tin­den söh­bet aç­ýan bu göw­her di­wan ma­ny go­ru­nyň çuň­lu­gy bi­len hal­ky­my­zyň iň bir sö­ýüp oka­ýan ese­ri­ne öw­rül­di. “Türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ga­dy­my göz­baş­la­ry”, “Türk­men mu­kam­la­ry”, “Türk­men me­de­ni­ýe­tin­de bag­şy­la­ryň or­ny”, “Ha­ly­pa-şä­girt­lik däp­le­ri”, “Türk­men kom­po­zi­tor­çy­lyk däp­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi”, “Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň aý­dym-saz sun­ga­ty” ýa­ly bö­lüm­le­ri öz içi­ne al­ýan eser­de meş­hur bag­şy-sa­zan­da­la­ry­myz ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär.
Ha­wa, aja­ýyp aý­dym-saz adam­la­ry bir­leş­dir­ýär, je­bis­leş­dir­ýär, ola­ry asyl­ly iş­le­re ruh­lan­dyr­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­ýär. Bu sö­züň do­ly ma­ny­syn­da şeý­le. Ha­çan-da, aý­dym-saz ýaň­la­nan­da, yn­san­la­ryň köň­lün­de ýa­kyn­lyk, bir­leş­me eme­le gel­ýär. Aý­dym-saz ýaň­la­nan­da, adam­da tä­ze iş­le­ri amal et­mä­ge bo­lan hö­wes dö­re­ýär.
Aý­dym-saz üçin dil ser­he­di ýok. Dün­ýä­niň haý­sy mil­le­ti­niň aý­dym-sa­zy ýaň­lan­sa-da, yn­san oňa dü­şü­nip, on­dan köň­lü­niň is­le­ýän is­le­gi­ni ta­pyp bil­ýär. Bu Al­la­ta­ga­la­nyň yn­san og­lu­na eçi­len aja­ýyp bir aý­ra­tyn­ly­gy­dyr.
Türk­men aý­dym-saz­la­ry­nyň te­ma­ti­ka­sy örän giň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le bir za­dy aý­ra­tyn bel­le­mek ze­rur­dyr, ol hem türk­men­le­ri­miz­de dö­re­di­len aý­dym­la­ryň esa­sy te­ma­sy­nyň wa­tan­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­sa­ny söý­mek, yn­san­per­wer­lik, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan­ly­gy­dyr. Haý­sy aý­dym ýaň­lan­sa-da, bu ugur­lar ol aý­dy­myň için­den al­tyn sa­pak bo­lup geç­ýär. Mu­nuň özi bi­ziň mil­li ru­hu­my­zyň mi­we­si­dir.
Aý­dym-saz türk­men hal­ky­nyň bü­tin öm­rü­niň hem­ra­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, adam dog­lan pur­sa­dyn­da ene mäh­ri bi­len aý­dyl­ýan hüw­di bi­len huw­wa­lan­ýar. Ese-bo­ýa ga­lyp, aý­dy­myň, sa­zyň owa­zy­na im­rin­ýär, kal­byn­da­ky iň tä­miz şat­ly­gy­ny aý­dy­myň üs­ti bi­len ýü­ze çy­kar­ýar. Şeý­le­lik­de, ol bü­tin öm­rü­niň do­wa­myn­da bu ja­dy­ly dün­ýä­ni hem­ra edi­nip ýa­şa­ýar.
Nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň dür­dä­ne­le­ri–şa­hyr­la­ry­my­zyň eser­le­ri, des­san­la­ry­myz, epos­la­ry­myz, ga­zal­la­ry­myz, poe­ma­la­ry­myz aý­dym-saz üçin şa­ha-şa­ha bo­lup, du­ran mi­we­ler­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ga­lan ol mi­ras­lar aý­dym-sa­zy­my­zy my­na­syp ös­dür­mek üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak çeş­me­dir.
Hä­zir­ki döw­rüň ga­za­nan­la­ry, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­la goý­ýan dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri, eziz top­ra­gy­my­zyň gül­leý­şi, adam­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy, dün­ýä açyl­ýan dost-do­gan­lyk, ag­zy­bir­lik, pa­ra­hat ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­myz ol çeş­mä­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Ne­ti­je­de, bu gün­ki gün eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len türk­men aý­dym-saz­la­ry­nyň owa­zy dün­ýä­niň dört kün­jün­de ýaň­lan­ýar.
Döw­rü­miz öz­ger­ýär, gö­wün­ler galk­ýar. Aý­dym-saz­lar ra­ýat­la­ry­my­zyň göw­nü­ni ga­nat­lan­dy­ryp, al-sa­ma­na gö­ter­ýär. Bu bag­ty­ýar­ly­gy hal­ky­na peş­geş be­ren eziz Ar­ka­da­gy­myz bi­ziň dil­le­ri­mi­ziň se­na­sy­dyr.

Yl­ham ŞA­GU­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.