Ýük we ýolagçy gatnatmaga niýetlenen dürli görnüşleri bolan “Ford Transit” ulagynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşiniň taýýarlanýandygy habar berildi. Amerikan kompaniýasy ulagyň ýük daşamaga niýetlenen görnüşini tok bilen işleýän modeli indiki ýyl satuwa çykarylar. Täze mikroawtobusda aragatnaşygyň 4-nji nesline degişli tehnologiýa hem ornaşdyrylar. Bu tehnologiýa ulagy GPS arkaly gidýän ugruny uzakdan görmäge mümkinçilik berer. “Transit”-iň öňünden päsgelçilik çykanynda sürüjini duýdurýan, awtomat ýagdaýda durýan ulgamy we beýleki howpsuzlyk tehnologiýalary bilen üpjün ediler. Häzirki wagtda “Transit”-iň “Custom PHEV” atly gibrid görnüşi bolup, ol batareýasynyň kömegi bilen 56 kilometr ýol geçýär. Ulagdaky batareýa belli tizlige ýetmänkä hem-de ulagyň has uzaga gitmegine goşant goşýar. Bu ulagyň hereketlendirijisiniň göwrümi 1 litre barabar. Ulag 100 kilometrde 2,7 litr ýangyç sarp edýär. “Tranist” mikroawtobusy öz klasynda iň köp isleg bildirilýän ulaglaryň biri hasaplanýar. Onuň esasy bäsdeşi “Mercedes-Benz Sprinter” modeli hasaplanýar. “Sprinter”-iň hem häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi bolup, ol bir gezekki zarýady bilen 168 kilometr ýol geçýär. Nemes ulagynyň ýük göterijiligi 891 kilograma barabar.