Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk pudagyny düýpli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň: “Adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary derejesini üpjün etmek ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň möhüm wezipesidir we beýik maksadydyr, onuň düýp mazmuny bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen mukaddes şygarda kesgitlenendir” diýen parasatly sözlerinden gözbaş alýan bu işler adamlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna niýetlenendir.
Häzirki döwürde eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, täze döwrebap binalaryň açylyp ulanmaga berilýändiginiň şaýady bolýarys. Özü-de bu açylyşlaryň, täze binalaryň düýbüni tutmak çäreleriniň ýygjam häsiýete eýedigi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleriň talabalaýyk alnyp barylýandygyny görkezýär. Şeýle binalaryň käbirini guwanç bilen ýatlap geçeliň.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen mundan birnäçe wagt ozal, Aşgabat şäheriniň çäklerindäki Täze zaman obasy gurlup ulanmaga berildi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Arkaç” geňeşliginde hem şeýle täze ýaşaýyş obasy döredildi. Şu ýylyň 18-nji iýunynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 2 müň 500 adama niýetlenen Bagtyýar zaman obasynyň açylyşy boldy. Bu ýerde gurlan dürli ähmiýetli köp sanly desgalar, 500 maşgala niýetlenen 274 sany 1 gatly 4 otagly hem-de kottej görnüşli 226 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlary, ýerli dolandyryş üçin edara binasy, mekdep, çagalar bagy, saglyk, medeniýet we hyzmat öýleri, telefon bekedi, “Toý mekany”, söwda merkezi, birnäçe dükanlar, metjit guruldy. Täze obadaky dünýä ülňülerine kybapdaşlykda gurlan täze binalar raýatlarymyzda egsilmez şatlyk duýgularyny oýardy.
Bu wakadan sähel wagt geçenden soň, halkymyz ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady boldy. Milli Liderimiz 7-nji iýulda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen täze döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak bilen, birnäçe möhüm durmuş-ykdysady desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. 8-nji iýulda welaýatyň Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginde 600 hojalyga niýetlenen täze döwrebap obanyň açylmagy möhüm işleriň biri hökmünde ýaýbaňlandy. Bu ýerde bir-birine badalga bolup gidýän ýaşaýyş jaýlaryndan daşary 200 orunlyk tomaşa zally Medeniýet öýi, toý dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk zaly bolan Bagt öýi, 200 adamyň namaz okamagy üçin metjit, 640 orunlyk mekdep, 280 körpe üçin çagalar bagy, dermanhanaly saglyk öýi, oba geňeşliginiň edara binasy we beýleki jemgyýetçilik merkezleri ulanmaga berildi.
Halkymyzyň “Haýyrly iş ýol arçar” diýşi ýaly, bu işler ýene-de birnäçe täzeligi bilen türkmen durmuşyny bagtyýarlyga besledi. 24-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Döwletli zaman geňeşliginiň açylmagy taryhy waka boldy. Munuň özi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaşyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşli Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm tapgyrdyr. “Hanhowuz” suw howdanynyň zolagynda 100 gektar ýerde gurlan täze oba her biri aýratyn maşgala niýetlenen 1 gatly jaýlaryň 284-si, 320 orunlyk döwrebap mekdep, 200 orunlyk tomaşa zaly bolan medeniýet öýi, 500 orunlyk iki gatly “Toý mekany”, 500-den gowrak telefon belgili ATS-li aragatnaşyk bölümi täze obanyň keşbini esaslandyrýar.
Şu ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylaryň birbada 700-sini kabul edip bilýän “Ak Ýelken” kottejler toplumynyň, “Tolkun” kottejler toplumynyň we ýaht-klubuň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem şol gün Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň ençemesi ähli amatlyklary bolan täze jaýa göçüp bardy. Bu taryhy waka Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň dünýäniň iň ösen döwletleriniňki bilen deňleşendigini dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz yhlasy bilen gurulýan täze obalar – bagtyýar durmuşyň beýany. Olary görmäge, synlamaga göz gerek. Şeýle obalaryň haýsyna barsaň-da, kalbyň buýsançdan dolýar. Hatar-hatar bolup gidýän ak öýler, tämiz şaýollar biziň her birimizi bagtyýar öýlere, bagtyýar durmuşa çagyrýar. Ol öýlere göçüp baran adamlaryň köňül şatlygy, buýsanjy, Gahryman Arkadagymyza bimöçber söýgisi kalbyňda baky ýer edýär. Onsoň kalbyňda ajaýyp döwrany halkyna peşgeş beren mähriban Arkadagymyza bolan buýsançdan, döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan döwrümiziň beýik işlerine mynasyp goşant goşmak arzuwlaryndan dolýar.
Goý, şeýle işleriň sakasynda durup, halkyna eşretli durmuşy bagyş edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Ajaýyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyza hemişe rowaçlyklar miýesser etsin!
Diana SANÝANS,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy.