Her ýylyň mart aýynda Ženewada geçirilýän halkara awtoulag sergisiniň öň ýanynda “Ýewropada ýylyň awtoulagy” baýragyna mynasyp bolan ulag mälim edilip, degişli baýrak gowşurylýar. Geçen ýylyň sentýabrynda bu baýraga 35 ulag dalaşgär görkezilipdi. Noýabrda bolsa finala çykmaga 7 ulag mynasyp bolupdy. Olaryň arasyndan “Peugeot 208” modeli baş baýraga mynasyp görüldi. Bu ulag fransuz kompaniýasynyň ilkinji elektrokarlarynyň biri hasaplanýar. Ulag tehniki aýratynlyklary bilen bir hatarda, dizaýn babatda hem tapawutlanýar. Ulaga müşderiler hem ýokary baha beripdi. Baýragy alan ulag “BMW 1-nji seriýasy”, “Ford Puma”, “Porsche Taycan”, “Renault Clio”, “Tesla Model 3” we “Toyota Corolla” bilen bäsleşdi. 2019-njy ýylda bu baýragy “Jaguar I-Pace” elektrokary alypdy.