Dünýäde QLED ekranly telewizor bazarynyň 90 göterimini eýeleýän “Samsung” kompaniýasy şu ýylyň dowamynda 8 million telewizor satmagy maksat edinýär. Koreý kompaniýasy bu ugurdaky öňdeligini has hem berkitmegi göz öňünde tutýar. Mobil enjamlaryň önümçiliginde hem sanawyň başyny çekýän kompaniýa 14 ýyldan bäri telewizor bazarynda hem birinji ýerde durýar. Geçen ýyl “Samsung” 5,3 million QLED telewizory ýerläpdir. LG, “Hisense”, “Huawei”, TCL we “Vizio” ýaly kompaniýalar hem şeýle telewizorlary öndürýärler. Maglumatlara görä, “Vizio” 2019-njy ýylda 380 müň, “Huawei” we TCL kompaniýalarynyň her biri 50 müň, “Hisense” 30 müň QLED telewizory müşderilere ýetiripdir. “Samsung” kompaniýasynyň öndürýän telewizorlarynyň 12 göterimden gowragyny QLED telewizorlary emele getirýär. Koreý kompaniýasy has ýokary aýratynlykly telewizor bazarynyň 52,4 göterimini eýeleýär.
Şeýle hem kompaniýa Wýetnamda ylmy-barlag merkeziniň düýbüni tutdy. 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga beriljek desga üçin 220 million dollar bölünip berildi. Paýtagt Hanoýda gurulýan merkezde 3 müň iş orny dörediler. Bu ýerde emeli aň, jisimleriň interneti, maglumat we 5G ýaly ugurlarda tehnologiýalar taýýarlanar.