Sahara çölündäki Akakus daglarynda dürli jandarlaryň daşa öwrülip galan 17 551 sany galyndysyny tapdylar. Ýüze çykarylan yzlaryň 80 göteriminiň balyklara degişlidigi mälim edildi. Taryhçylar bu ýerde 11 müň ýyl ozal köp mukdarda balyk tutulýan suwly köldür derýalaryň bolandygyny belleýärler. Balyk galyndylaryndaky kesikleriň olaryň awlanandygyny görkezýändigi aýdylýar. Akakus daglary Sahara çölüniň Liwiýadaky böleginde bolup, bu ýerdäki gowaklarda suratlardan başga-da birnäçe taryhy eserler saklanyp galypdyr. Şol sebäpli bu daglar 1985-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir.