Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni ge­lip ýet­di. Bu baý­ram­çy­lyk­da eje­le­ri­mi­ze, uýa­la­ry­my­za sow­gat bermek is­le­ýä­ňiz­mi? Me­ge­rem, öz eli­ňiz bi­len taý­ýar­lan sow­ga­dy­ňyz has go­wy bo­lar. Ge­liň on­da, ka­gyz­dan gül ýa­sa­ma­gy öw­re­ne­liň!
Ge­rek­li zat­lar: dür­li reňk­li ka­gyz­lar, gaý­çy, ýe­lim, ga­lam.
Il­ki bi­len sa­ry reňk­li ka­gy­zdan iki sany te­ge­lek ýasaň! Mu­nuň üçin, ga­pak­dan, kä­se­den ýa-da te­ge­lek bir zat­dan peý­da­la­nyp çy­zyk çy­zyň! Soň­ra ak, gök, gy­zyl reňk­li ka­gyz­la­ry in­siz deň öl­çeg­li edip ke­siň. In­siz­je ka­gyz­la­ryň iki ujuny birikdirip, te­ge­lek ka­gy­za ýe­lim bi­len ber­ki­diň! Şeý­le­lik­de, gü­lü­miz eme­le gel­di. Soň­ra ga­lamy, ruç­kany ýa-da çy­by­jagy berkidip, gü­lüň şa­ha­jy­gyny ýasaň! Beýleki tegelek kagyzy hem çybygyň güle berkidilen tarapyndan ýelmäň! Taýýar bolan gü­li gow­şu­ra­ny­ňyz­da, baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­la­ma­gy unut­maň!