“Garri Potter we çagalar” atly Joan Roulingiň täze kitaby britan kitap dükanlarynda üç günüň içinde 700 müňden gowrak nusgasy satyldy. Kitap 31-nji iýulda Roulingiň doglan güni satuwa çykaryldy. Eger-de satuwyň depgini şeýle derejede dowam etse, Roulingiň sekizinji eseri iň köp satylýan kitaplaryň biri bolar.
Garri Potter hakyndaky sekizinji kitap Demirgazyk Amerikada hem uly gyzyklanma bilen satyn alynýar. Häzir bu ýerdäki kitap dükanlarynyň tekjelerinden köp garaşdyran kitabyň iki million töweregi satyldy.
Joan Rouling 1965-nji ýylyň 31-nji iýulynda Beýik Britaniýanyň Ýeýt şäherçesinde dünýä inýär. Döredijilik ýoluna çagalyk döwründen başlaýar, alty ýaşyndaka, “Towşanjyk” atly ilkinji hekaýasyny ýazýar. 1990-njy ýylda Joanda Garri Potter atly oglanjyk hakda eser ýazmak pikiri döreýär. Ol bada-bat kitabyň üstünde işläp başlaýar. Ýöne, 1990-njy ýylda ejesiniň aradan çykmagy sebäpli, bu kitaby tamamlamak uzaga çekýär.
1991-nji ýylda Joan iňlis dili mugallymy hökmünde Portugaliýa işlemäge gidýär. 1994-nji ýylda Angliýa dolanyp gelenden soň, kitabyň üstünde irginsiz işläp başlaýar. “Garri Potter we jadygöýlügiň daşy” atly ilkinji kitaby “Blumsberi” neşirýatynda çapdan çykýar. Sanlyja hepdäniň içinde kitap okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserleriň birine öwrülýär. Joan Rouling meşhurlyga eýe bolan birinji kitabyndan soň, “Garri Potter we syrly otag” (1998) , “Garri Potter we Azkabanyň bendisi” (1999), “Garri Potter we alaw” (2000), “Garri Potter we semender ordeni” (2003), “Garri Potter we jadygöý şazada” (2005) eserlerini neşir etdirýär. “Garri Potter we ajalyň peşgeşi” atly ýedinji jemleýji eseri hem, 2007-nji ýylda Angliýada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda satuwa çykarylýar. Joan Rouling häzirki wagtda adamsy we üç çagasy bilen Şotlandiýada ýaşaýar. Garri Potter hakyndaky ilkinji ýedi kitabyň dünýäde 450 milliondan gowragy satylyp, onuň ekranlaşdyrylmagy hem 7 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi.