Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da mil­li Bi­lim ul­ga­my tä­ze be­lent­lik­le­re gal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­ta­nyň gül­läp ösü­şi, dur­mu­şy­my­zyň mun­dan beý­läk hem gö­zel­leş­me­gi bi­lim­li, ylym­ly, ukyp­ly ýaş ne­sil­le­re bag­ly­dyr” di­ýip bel­le­me­gi, bi­lim ul­ga­my­ny döw­le­ti hem­me ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň esa­sy şert­le­riniň bi­ri hök­mün­de ga­rap, ýaş­la­ryň bi­lim ter­bi­ýe­si ba­ra­da aý­ra­tyn ala­da ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Bi­lim – adam­zat üçin mü­di­mi ze­rur­lyk bo­lan gym­mat­ly baý­lyk­dyr. Şu ýö­rel­ge­den ugur alyp, ýaş­ nesillerimiziň hal­ka­ra de­re­je­si­ne la­ýyk gel­ýän döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, giň göz­ýe­tim­li, ze­hin­li ýaşlar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­lar ýur­dumyzyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni do­lan­dyr­jak gel­jek­ki hü­när­men­ler bo­lup çy­kyş ed­ýär­ler. Şo­nuň üçin hem, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni has-da kuw­wat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­na we pu­dak­la­ry­na san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­ma­gyň bin­ýa­dyn­da ýo­ka­ry dep­gin­li ösü­şi üp­jün et­mek, ýur­dumyzyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni iň ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýe­tir­mek göz öňü­ne tu­tul­ýar.
Aý­dy­lan­lar­dan ugur alyp, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek­­de esa­sy ama­la aşyryl­ma­ly we­zi­pe san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ýo­la goý­mak­dyr. Bi­lim döw­le­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek­li­giň öze­ni­dir. Mil­li bi­lim ul­ga­my dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün ed­ýän, ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni he­re­ket­len­di­ri­ji güýç bo­lup çy­kyş ed­ýän ul­gam­dyr. Bu ba­bat­da “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy” ka­bul edi­lip, onuň durmuşa or­naş­dy­ryl­ma­gy, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne yk­dy­sa­dy­ýe­te hem-de beý­le­ki ugur­la­ra in­no­wa­si­on se­riş­de­le­ri çek­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Bu kon­sep­si­ýa mag­lu­mat-bi­lim gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge hem-de bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mä­ge, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­ma­ga hem-de kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ha­ky­kat­dan hem, “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, ýaş­la­ryň döw­re­bap ýo­ka­ry hil­li bi­lim, ter­bi­ýe al­ma­gy, akyl we ru­hy taý­dan ösen şah­sy­ýet hem-de kä­mil hü­när­men bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­ta­ly üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär.
San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da in­ter­net ar­ka­ly uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Bu hem, mil­li bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ryn­da iş­läp bil­jek kä­mil yk­dy­sat­çy hü­när­men­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de bi­lim ul­ga­my­nyň öňün­de dur­ýan döw­let de­re­je­sin­dä­ki baş we­zi­pe­le­riň bi­ri­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Ösen döw­let­ler­de ula­nyl­ýan tä­ze­çil­lik­le­riň, usu­ly­ýet­le­riň mil­li bi­lim ul­ga­my­na ne­ti­je­li or­naş­dy­ryl­ma­gy, in­no­wa­si­ýa­la­ryň, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň giň­den ula­nyl­ma­gy, in­ter­net ul­ga­my­na gir­mä­ge müm­kin­çi­li­giň dö­re­dil­me­gi, ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny düýp­li ös­dür­mä­ge şert dö­ret­di.

Ýu­nus Eki­zow,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.