Öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny ýerine ýetirmegi guraýan “Uber” kompaniýasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda synag geçirer. Dürli sensorlar we kameralar bilen enjamlaşdyrylan ulag San-Fransisko şäheriniň köçelerinde hereket eder. “Volvo XC90” modeli bilen geçiriljek synag diňe gündizine, ýol hereketine açyk ýollarda tejribeli sürüji-hünärmeniň gatnaşmagynda geçiriler. Şu aý başlanjak synaglar geljekde ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçiriler. “Uber” kompaniýasy sürüjisiz ulaglary, uçýan taksileri işläp düzmek üçin dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, ylmy edaralary bilen iri taslamalary durmuşa geçirýär.