Elektroulag öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Tesla” bir millionynjy ulagyny öndürip, esasy sepgitleriň birini geçendigini mälim etdi. Şeýlelikde, “Tesla” 1 million elektroulag öndüren ilkinji kompaniýa boldy. Amerikan brendi elektroulag önümçiligine has ir başlan “Nissan” kompaniýasyndan hem ozdurdy. “Nissan” häzirki wagtda dünýäde her aý 5-7 müň aralygynda LEAF elektroulagyny satýan bolsa, “Tesla” geçen ýylyň dowamynda her aýda 17-30 müň aralygyndaky ulagy müşderilerine ýetirdi. Ýeri gelende aýtsak, “Tesla” diňe elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan bolsa “Nissan” awtoulagyň birnäçe görnüşini öndürýär.