Germaniýanyň “Ubitricity” hem-de “Siemens” kompaniýalary 2015-nji ýyldan bäri Angliýanyň köçelerindäki çyralaryň sütünlerine awtoulaglara zarýad berýän enjamlary oturdýar. Angliýa 2050-nji ýyla çenli howa iberilýän kömürturşy gazyny dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýän ýurtlaryň biri. Bu ugurda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilen ýurtda elektroulag satuwy hem ýokarlanýar. Emma muňa garamazdan, elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň ýeterlik derejede köp däldigi bellenilýär. Diňe Londonda 1300-e golaý zarýad beriji nokat bar. häzirki wagtda şäheriň etegindäki Suterländ köçesinde her bir sütüni zarýad beriji enjam bilen üpjün edilipdir. Bu usulyň tehniki babatda örän aňsatdygy bellenilýär. Haýsydyr bir ýeri gazmak ýa-da aýratyn ýer bölüp bermek zerurlygy hem ýok. Sütünlerdäki degişli enjama birikdirilen ulaglar gijesine zarýaddan dolýar. Müşderi ölçeýji gural arkaly bellenen tölegi töleýär.