“Samsung” kompaniýasy diňe mobil enjamlary däl, eýsem panelleri, çipleri, kamera sensorlaryny we ýarymgeçirijileri hem öndürýär. Koreý brendi bu ugurda Hindistan, ABŞ ýaly uly bazarlarda bäsdeşlerinden öňe saýlandy. “Counterpoint Research” şereketiniň soňky maglumatlaryna görä, “Samsung” geçen ýyl mobil enjamlarynyň ätiýaçlyk böleklerini öndürmekde global bazaryň 14,1 göterimini eýeläpdir. Kompaniýanyň esasy bäsdeşi “Apple” üçin bu görkeziji 13,1 bolup, umumy sanawda dördünji bolupdyr. Maglumatlara görä, “Qualcomm” (33,4 %) we “MediaTek” (24,6 %) kompaniýalary ilkinji iki orny eýeleýär.