Dubaýda şu ýyl “The Creek Tower” atly gökdiräniň gurluşygynyň tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Belentligi 928 metre deň boljak bu gökdirän dünýäniň iň beýik diňleriniň biri hasaplanýar. Bu desgada diňe 20 sany gat bardygy habar berilýär. Meýilnama görä, ol Dubaýdaky häzirki gökdirän Burj-Halifadan hem 100 metr beýik bolar. Şol bir wagtyň özünde täze taslamanyň esasy wezipesi gozgalmaýan emläk bazaryny janlandyrmakdan we şäheri gözelleşdirmekden ybaratdyr. Bu diňde myhmanhana, garbanyşhana, dükanlar we tomaşa meýdançalary ýerleşýän 20 sany gat bar. Munuň azlygynyň sebäbi, bina gurluşy boýunça adaty gökdirän däl-de, eýsem töwereginden ýere berkidilen köp sanly simler bilen saklanýan belent gurluş bolar. Bu simler dünýäniň binagärlik taryhynda iň çydamly simlerdigi bellenilýär. Taslamanyň awtory, görnükli ispan binagäri Santýago Kalatrawadyr. Diň daşyndan seredeniňde, liliýanyň açylmadyk gunçasyna çalym edýär. Şol bir wagtyň özünde binanyň içki bezegi dünýäniň ýedi täsinliginiň biri bolan Wawilonyň Asma baglaryny ýadyňa salýar.
“The Creek Tower” diňine ýanaşyk 6 inedördül kilometr meýdanda täjirçilik maksatly gozgalmaýan emläk, ýahta kluby, seýilgäh, ýaşaýyş jaýy, myhmanhanalar we dünýäniň iň uly söwda we güýmenje merkezleri bar. Şu ýyl gurluşygy tamamlanmagy göz öňünde tutulýan diňi gurmagyň bahasy 1 milliard dollardan gowrakdyr.
Häzirki rekordyň eýesi Burj-Halifany bina eden “Emaar” kompaniýasy, şeýle hem “Dubai Holding LLC” kompaniýasy täze gökdiräniň gurluşygyny alyp barýar. “Emaar”-yň başlygy Mohammed Alabbar şeýle ajaýyp diňiň gurulmagynyň töweregindäki gozgalmaýan emlägiň bahasyny has-da ýokarlandyrjakdygyny tassyklap, Parižde Eýfel diňi görünýän jaýlaryň 30% gymmatdygyny, müşderileriň köpüsiniň şeýle görnüşi küýseýändigini aýtdy.