Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy dünýäniň iň köp öndürilen ulaglarynyň biri hasaplanýan “Volkswagen T1 Sambo” mikroawtobusynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini tanyşdyrdy. Ozalky nusgasyndan has kuwwatly boljak “Volkswagen e-Bulli” atly ulagyň bir gezekki zarýady bilen 200 kilometr ýol geçip biljekdigi bellenilýär. Ulagyň kuwwaty 82 at güýjüne barabar bolup, adaty nusgasyndan (43 at güýji) iki essä barabar köpdür. Ulagyň nusgawy görnüşiniň ýokary tizligi 105 km/sagat bolsa, bu görkeziji elektroulagda 130 km/sagada ýetirilipdir. 64 900 ýewrodan satyljak ulagyň daşky şekili o diýen üýtgedilmändir. Ýeri gelende aýtsak, T1 modeliniň dizaýny täzelenen görnüşi hem taýýarlanýar.