De­ňiz­dir um­man­la­ryň su­wy şor bo­lup, iç­mä­ge ýa­ram­ly bol­ma­ýar. Hü­när­men­ler Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň port şä­he­ri bo­lan Ti­ma­ru­nyň go­la­ýyn­da deň­ziň aşa­gyn­dan 20 metr çuň­luk­da uly muk­dar­da süý­ji suw go­ru­ny tap­dy­lar. Bu su­wuň muk­da­ry 800 mil­li­on olim­pi­ýa ho­w­zu­ny dol­du­ryp (2 müň kub ki­lo­metr) bil­jek­di­gi mä­lim edil­di. Ýur­duň Gü­nor­ta ada­sy­nyň go­la­ýyn­da ta­py­lan ýe­ras­ty su­wuň ge­rek bo­lan ha­la­tyn­da ula­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bu suw go­ry deň­ziň düý­bü­niň üç öl­çeg­li kar­ta­sy­ny çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän seýs­mo­lo­gik bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ta­pyl­dy. Bu ýer­dä­ki göz­leg­ler 2012-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär­di. Hä­zir­ki wagt­da bu suw­dan nus­ga­lyk al­nyp, onuň dü­zü­mi çuň­ňur öw­re­nil­ýär. Ýer­li ýol­baş­çy­lar ekoul­ga­ma ze­per ýe­tir­mez­den suw­dan peý­da­lan­ma­gyň ýo­lu­ny göz­le­ýär­ler. Onuň il­kin­ji ala­mat­la­ry 2017-nji ýyl­da ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ýe­ras­ty süý­ji suw­la­ry deň­ziň aşa­gyn­da seý­rek hem bol­sa ga­bat gel­ýär.