463184.jpg26-njy martda “Huawei” kompaniýasy “P40” smartfonlaryny tanyşdyrypdy. Smartfonlaryň we beýleki mobil enjamlaryň fotoenjamlaryna we kameralaryna baha berýän “DxOmark” şereketi “P40 Pro” smartfonyna iň ýokary bahany berdi. 140 bal alan enjam iň aňrybaş smartfonlardan hem öňe saýlandy. Telefonda “Kirin 990 5G” çipseti oturdylypdyr. Mobil enjamyň 6,58 dýuým Full HD+ OLED ekrany, öň tarapynda goşa kamerasy bar. Telefonyň esasy kamerasy 50 MP durulygynda surata düşürýär. Şeýle hem, 40MP ultra giň, 8 MP durulygynda “10x optik SuperZoom”, 8 MP durulygynda “3x optik zoom” sensorlary bar. Öň tarapyndaky kameranyň biri “Full HD” 30 we 60 FPS durulygynda wideoýazgy etmäge mümkinçilik berip, 32 MP durulygynda surata düşürýär. Şeýle hem çuňluk sensory bilen üpjün edilipdir. “DxOmark” şereketiniň hünärmen-inženerleri telefonyň kamerasyna baha bermek üçin ony jaýyň içinde, daşynda, ýagny tebigy we emeli ýagtylykda, gijesine we laboratoriýa şertlerinde barlap görüpdirler. Hünärmenler telefona 128 bal berdiler. Reňkleriň öwüşgini, gijeki düşürilişdäki durulyk, giňlik we ýakynlaşdyrma ýaly ugurlarda ýokary netije görkezen “P40 Pro” surata düşürmekde 140, wideoýazgyda 105 bal alypdyr. Bu netijeler enjamyň kamerasynyň beýleki ähli smartfonlaryňkydan ýokarydygyny görkezýär.