Soň­ky ýyl­lar­da we­lo­si­ped ula­gy­na is­leg bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Adam­lar di­ňe gat­naw üçin däl, eý­sem, sport ýa-da ge­ze­lenç mak­sa­dy bi­len hem we­lo­si­ped edin­ýär­ler. Şeý­le bo­lan­soň bu ula­gy ön­dür­ýän­le­riň sa­ny hem bar­ha art­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän we­lo­si­ped ba­za­ry­na ýe­ne bir ag­za go­şul­dy. “Mo­ku­mo­no” şe­re­ke­ti “Del­ta S” at­ly daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz ula­gy iş­läp taý­ýar­la­dy. “Del­ta S” ula­gy daş­ky di­zaý­ny ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýar. Köp ýe­ri gy­sy­lan al­ýu­min­den ýa­sa­lan­dy­gy üçin berk we ýe­ňil bo­lan ula­gyň önüm­çi­li­gi Gol­lan­di­ýa­da ama­la aşy­ryl­ýar. Ag­ra­my 14,5 ki­log­ram bo­lan welosiped şä­her için­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nip­dir. Ula­ga kuw­wa­ty 250W bo­lan elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji ýer­leş­di­ri­lip­dir. Pe­da­ly aý­la­mak bi­len onuň tiz­li­gi­ni 25 km/sa­ga­da ýe­tir­me­giň müm­kin­di­gi bel­le­nil­ýär. We­lo­si­pe­diň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 60 km ýol ge­çip bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. LED çy­ra­la­ry ony ga­raň­ky­da hem sü­rül­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 2990 ýew­ro­dan sa­tyl­ýan ula­gyň dür­li reňk­li­si­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. We­lo­si­pe­diň GPS-li gör­nü­şi­ni al­mak üçin goş­ma­ça 149 ýew­ro tö­le­me­li bo­lar.