Il­ki bi­len ka­gyz bö­le­gi­ni öz is­le­gi­ňi­ze gö­rä ke­sip, gap­jy­gyň ül­ňü­si­ni çy­ka­ryň! Soň­ra ma­ta­ny ül­ňä la­ýyk­lap ke­sip, iki bö­le­gi eme­le ge­ti­riň! Ma­ta üçin si­ze ki­çi bol­ýan, kö­ne­len ýa-da haý­sy­dyr bir gyý­kyn­dy­dan hem peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Em­ma ulu­lar­dan rug­sat we kö­mek so­ra­ma­gy unut­maň! Ma­ta bö­lek­le­ri­ni biri-bi­ri­ni ýa­par ýa­ly ar­tyk­ma­jy bi­len kes­me­li­di­gi­ne üns be­riň! Bö­lek­le­ri üsti-üs­tü­ne go­ýup, bas­dy­ryp ti­kiň! Has reňk­li bol­ma­gy­ny is­le­se­ňiz, baş­ga reňk­li sa­pak­dan peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Gap­jy­gyň dört ta­ra­py­ny hem ti­ke­ni­ňiz­den soň­ra, ol taý­ýar bol­ýar. Gap­jy­gyň ag­zy­ny ýap­mak üçin welk­ro, ilik ýa-da il­gen­çek bag­jyk ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Dür­li reňk­li ma­ta bö­le­jik­le­rin­den, ilik­ler­den gül­ja­gaz ýa-da ala­ja bi­len gap­jy­gy­ňy­zy be­zäp bi­ler­si­ňiz. Ine-de gap­jy­gy­ňyz taý­ýar.