Kuwwatly awtoulaglary öndürýän BMW kompaniýasy welosiped önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Munuň üçin Italiýanyň 3T şereketi bilen bilelikde “Exploro” atly welosipedi öndürdi. Aerodinamika babatda gowulandyrylan ulag ýeňil materiallardan ýasalypdyr. Hünärmenler bu ulagyň islendik ýol şertlerinde ulanmaga amatlydygyny aýdýarlar. Welosipediň tigirleri ýokary tizlikde gitmegini üpjün edýän ýumşaklykda öndürilipdir. 3T şereketiniň ýolbaşçysy Rene Wýerts BMW sürmegiň aýratyn ýakymlydygyny, munuň täze welosipedlere hem degişli boljakdygyny mälim etdi. Ulagyň bahasynyň 5500 ýewrodygy habar berildi.