Mundan on ýyl ozal “Android” we “iOS” amaly ulgamly telefonlar häzirkileri ýaly meşhur däldi. Häzir bolsa, smartfonlaryň sany barha artyp, olar “Android” ýa-da “iOS” amaly ulgamynda işleýär. Käbir applikasiýalar telefon satuwa hödürlenende eýýäm ýüklenen ýagdaýda gelýän bolsa, käbirlerini oýun marketlerinden ýükläp almaly bolýar. Telefonyň özünde gelýän programmalar telefon öndüriji kompaniýa bilen programma üpjünçilikçi kompaniýanyň arasyndaky ylalaşyga bagly. Ýüklenen programmalaryň arasynda 5 milliarddan geçenleri hem bar. Mobil programmalaryň ýüklenýän sanynyň artmagynyň dowam edýändigi hem bellärliklidir. Eýsem, 2010-njy ýyldan bäri haýsy mobil programmalar telefonlara has köp ýüklendikä?! Ine, iň köp ýüklenen ilkinji onlugy: “Facebook”(5 000 000 000+), “WhatsApp” (5 000 000 000+), “Messenger” (1 000 000 000+), “Instagram” (1 000 000 000+), “SHAREit” (1 000 000 000+), “Snapchat” (1 000 000 000+), “TikTok” (500 000 000+), “Likee” (500 000 000+), “Netflix” (500 000 000+) we “Spotify (500 000 000+).