Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (OMPI) täze açyşlar üçin ýüztutmalar barada maglumat berdi. Berlen maglumata görä, täze açyşlar üçin edilýän ýüztutmalar geçen ýyl 5 göterim artyp, 265800-e ýetipdir. Bu patentleriň 52 göterimi Aziýa ýurtlaryna, 23 göterimi Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlaryna degişli bolupdyr. Soňky 20 ýylda Hytaý şereketleriniň ýüztutmalary 200 esse artypdyr. Şeýlelikde 2019-njy ýylda hytaý şereketleri 40 ýyl gowrak wagtdan bäri öňdeligi eýeläp gelýän amerikan şereketlerinden ozdurypdyr. Iň köp ýüz tutulýan ugurlar kompýuter tehnologiýalary we sanly aragatnaşyk bilen bagly bolupdyr. Esasan, 5G toplary, robot tehnologiýasy we emeli aň bilen bagly patentleriň sany köpelipdir. Hytaýly şereketleriň ýüztutmalarynyň sany geçen ýyl 11 göterim artyp, 58 990-e ýetipdir. Halkara gurama 1978-nji ýyldan bäri öňdeligi eýeleýän amerikan şereketlerinden 57840 ýüztutma kabul edipdir. Kompaniýalar babatda aýdylanda bolsa, “Huawei” birinji, “Mitsubishi Electric” ikinji ýeri eýeleýär.