Marsa gaýybana syýahat edesiňiz gelýärmi?!

94

Ösen aragatnaşyk tehnologiýasy alys ýerleri gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dünýäniň belli muzeýlerini, sergi zallaryny, meýdançalaryny, goraghanalaryny we haýwanat baglaryny gaýybana syýahat edip bolýar. Indi bolsa, has uzagy – Mars planetasyny onlaýn usulda syýahat etmäge mümkinçilik döredildi. Ýerden 80 million kilometr töweregi uzakdaky bu planeta uçurylan gämi ol ýere 8 aý töweregi wagtda barýar. Amerikan aerokosmos edarasy NASA 2011-nji ýyldan bäri Marsyň ýüzünde hereket edýän “Curiosity” roboty arkaly Gyzyl planeta syýahat etmäge mümkinçilik döretdi. Internet arkaly hödürlenýän hyzmatda alty tigirli bu robot-maşynyň “gözünden” (linzasyndan diýseňem ýalňyz bolmaz) bu planetada gezelenç edip bolýar. Şeýle hem saýtda Mars, “Curiosity” roboty we kosmos barada iňlis dilinde sesli hem-de ýazuwly maglumat berilýär. Aşakdaky saýt arkaly Marsa gaýybana gezelenç edip bilersiňiz:
accessmars.withgoogle.com