“Disney” kompaniýasynyň filmlere tomaşa etmäge mümkinçilik berýän “Disney+” platfomasyna abuna ýazylanlaryň sany 5 aýda 50 milliona ýetdi. Iri “Walt Disney” kinokompaniýasynyň döreden güýmenje platformasy soňky ýyllarda bu pudagyň belli brendine öwrüldi. Eýeçilik edýän “Star Wars”, “Marvel” ýaly brendlerden netijeli peýdalanýan kompaniýa “Disney+” atly özüniň ýaýlym platformasyny döredipdi. Kompaniýa ilkibaşda 2024-nji ýyla çenli 60-90 million aralygynda abunaçy ýetmegi maksat edinýändigini mälim edipdi. “Disney+” esasy bäsdeşleri “Hulu” we “Netflix” platformlaryndan has çalt depginler bilen ösmegi aýratyn bellärliklidir. Golaýda bu hyzmat Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Ispaniýa, Irlandiýa we Hindistan ýaly ýurtlarda hem hödürlenip başlanypdy.