Uzak möh­let­le­ýin gel­je­gi na­zar­da tu­tup, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­mek mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan tä­ze şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Paý­tag­ty­my­zyň hä­zir­ki za­man keş­bin­de Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi, onuň kö­pu­gur­ly müm­kin­çi­lik­le­ri, hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy we me­de­ni däp­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny, şä­he­ri hem-de onuň in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki we ýol-ulag dü­züm­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­ly­şy­ny yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aş­ga­ba­dyň tä­ze do­lan­dy­ryş-işe­wür mer­ke­zi­niň ke­ma­la gel­ýän gü­nor­ta kün­je­gin­de bi­na edil­ýän tä­ze gur­lu­şyk­la­ry syn­la­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň bi­na­lar top­lu­my we Türk­me­nis­ta­nyň Mas­la­hat­lar mer­ke­zi, ka­şaň myh­man­ha­na, Hö­kü­met mün­be­ri­niň bi­na­sy bar.
Ir bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň bi­na­lar top­lu­my­nyň gu­rul­ýan ýe­ri­ne gel­di. Hä­zir­ki wagt­da des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy bu ul­gam­da iň tä­ze ga­za­ny­lan­la­ryň esa­syn­da döw­re­bap gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ýer­de top­lu­myň içi­niň gur­lu­şy, be­ze­li­şi we me­bel­ler bi­len en­jam­laş­dy­ry­ly­şy ba­ra­da aý­dyň dü­şün­je al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän tas­la­ma­lar gör­ke­zil­di. “Bu­ig” fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li döw­let Baş­tu­ta­nymyzy, esa­san, bi­na­nyň be­ze­li­şi­ne de­giş­li çyz­gy­lar we tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­dyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz top­lu­my hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de san­ly ul­gam­lar bi­len en­jam­laş­dyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, bu ýer­de ne­ti­je­li iş­le­mek hem-de köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Mil­li Li­de­ri­miz be­zeg se­riş­de­le­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de gö­zel­lik hä­si­ýet­le­ri bi­len gy­zyk­la­nyp, gör­ke­zi­len tas­la­ma­lar bi­len gi­ňiş­le­ýin ta­nyş­dy. Döw­let Baştutanymyz olar ba­bat­da bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aý­dyp we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri­ni gi­ri­zip, gur­lu­şyk iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de hil gör­ke­zi­ji­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, şä­he­riň bu bö­le­gin­de tä­ze des­ga­lar gur­lan­da, ýer­li te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­lar göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dyr hem-de hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze gur­lu­şyk­la­ry bi­ri-bi­ri bi­len saz­laş­ma­ly­dyr. Bi­na­la­ryň be­ze­li­şi şeý­le des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly ky­bap gel­me­li­dir hem-de mil­li be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny be­ýan et­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­na­nyň be­ze­li­şi­ne hem-de bu ýer­de ula­nyl­ýan dür­li se­riş­de­le­re ün­si çe­kip, şu iş­le­riň hi­li­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni we ola­ryň bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şy­ryp, ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň berk­li­gi hem-de uzakmöh­let­le­ýin­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le hem bi­na edil­ýän top­lu­myň paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp de­re­je­de öz­ger­ýän bi­na­gär­lik keş­bi bi­len saz­la­şyk­ly ut­ga­şyp, özün­de aja­ýyp mil­li öwüş­gi­ni jem­le­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­na ta­rap ug­ra­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de gör­ke­zi­len be­zeg ul­ga­my­na de­giş­li tas­la­ma­la­ryň we çyz­gy­la­ryň her bi­ri bi­len gi­ňiş­le­ýin tan­şyp, pot­rat­ça gur­lu­şy­gyň iň ýo­ka­ry öl­çeg­le­ri­ni we hem­me iş­le­riň hi­li­ni, top­lu­myň des­ga­la­ry­nyň öz wag­tyn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni, ola­ryň reňk öwüş­gin­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň iri göw­rüm­li bi­na­sy 47 müň 464 ine­dör­dül metr meý­da­ny tut­ýar. Onuň be­ýik­li­gi 38,65 met­re, ini 190 met­re deň­dir. Bi­na 93,7 müň ine­dör­dül metr meý­dan­da ýer­leş­ýär. Top­lu­myň dü­zü­mi­ne gir­ýän üç des­ga­nyň äh­li­si umu­my bi­na­gär­lik çöz­gü­di­ne eýe bo­lup, ýe­ke-täk top­lu­my ke­ma­la ge­tir­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz göz­den ge­çir­me­gi­ni do­wam edip, soň­ky ýyl­lar­da Aş­ga­ba­dyň se­bit we dün­ýä de­re­je­li iri mas­la­hat­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni, şo­ňa gö­rä-de, bu ýer­de gu­rul­ýan des­ga­la­ryň ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň bi­na­syn­da dür­li de­re­je­li çä­re­le­ri, hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek üçin hem­me şert­ler göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dyr. Top­lu­myň be­ze­li­şi­ne we en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na onuň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny na­za­ra alyp, üns ber­mek ze­rur­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz mö­hüm gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­na gi­ri­şi­len­de, taý­ýar­la­mak­dan baş­lap, dur­mu­şa ge­çir­mä­ge çen­li ola­ryň ama­la aşy­ry­ly­şy­nyň hem­me tap­gyr­la­ry­ny yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly­dy­gy­ny, iş­le­riň ýo­ka­ry hi­li­ni, des­ga­la­ryň ge­rek­li de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­ny hem-de ola­ryň bel­le­ni­len möh­le­tin­de ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi­ni, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge in­no­wa­si­on, top­lum­la­ýyn we oý­la­ny­şyk­ly çe­me­le­şil­me­gi­ni üp­jün et­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz top­lu­myň dü­zü­mi­ne gir­ýän Ka­bul ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler bi­len hem ta­nyş­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de hem ula­nyl­ýan gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň hil aý­ra­tyn­ly­gy­na hem-de mil­li be­zeg öwüş­gin­le­ri­niň peý­da­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da bir­nä­çe tek­lip­le­ri­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş sa­pa­ry­ny do­wam edip, Ar­ça­bil we Çan­dy­bil şa­ýol­la­ry­nyň ara­syn­da bi­na edil­ýän “Ar­ka­dag” di­ýen ka­şaň myh­man­ha­na bar­dy. Bu ýer­de mil­li Liderimiziň ga­ra­ma­gy­na myh­man­ha­na top­lu­my­nyň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny hem-de onuň yşyk­lan­dy­ry­ly­şy­nyň ýag­daý­la­ry­ny be­ýan ed­ýän tas­la­ma­lar we çyz­gy­lar gör­ke­zil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz des­ga­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len tan­şyp, myh­man­ha­na­nyň gur­lu­şy­gyn­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň, on­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­le­ri bi­len mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň saz­laş­ma­gy­nyň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz myh­man­ha­na­nyň des­ga­la­ry­nyň, onuň otag­la­ry­nyň iç­ki be­zeg iş­le­ri­ne ün­si çe­kip, bu ýer­de mil­li be­zeg usul­la­ry­nyň we beý­le­ki öz­bo­luş­ly se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy. Şun­luk­da, myh­man­ha­na top­lu­myn­da üp­jün edil­ýän şert­ler şu­nuň ýa­ly des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra bol­şy ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my myh­man­sö­ýer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­me­li­dir.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze Hö­kü­met mün­be­ri­niň ýer­le­şen ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz umu­my meý­da­ny 20 müň 450 ine­dör­dül metr­den yba­rat bo­lan tä­ze des­ga­ny göz­den ge­çi­rip, bu ýer­de giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Bu bol­sa baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ni iň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin hem­me şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny şert­len­dir­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu ýer­den paý­tag­ty­my­za giň göz­ýe­tim açyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mün­be­riň be­ze­li­şi­ne hem-de eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan ýa­na­şyk ýer­le­riň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­na aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni aý­dyp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, paý­tag­ty­myz­da gu­rul­ýan tä­ze des­ga­lar Aş­ga­ba­dyň dep­gin­li tä­ze­len­ýän bi­na­gär­lik keş­bi­ne saz­la­şyk­ly go­şu­lyp, onuň aja­ýyp gö­zel­li­gi­ne öw­rül­mek bi­len bir­lik­de, Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­ýän­di­gi­niň we ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz paý­tag­ty­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­ma­gy­ny do­wam edip, şä­he­ri ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek hem-de onuň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra ga­rap, olar ba­bat­da bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri­ni gi­riz­di. Aş­ga­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga, şo­ňa gö­rä-de, eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýän tas­la­ma­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gu­rul­ýan des­ga­la­ryň Aş­ga­ba­dyň bi­na­gär­lik keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Lide­ri­miz şä­he­ri aba­dan­laş­dyr­ma­ga we onuň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­ma­ga de­giş­li anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.