Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­da dur­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­re­bap tas­la­ma­lar ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­ly­gyn­da gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Bu gün ýur­du­myz bo­ýun­ça bug­da­ýyň her gek­ta­ryn­dan alyn­ýan ha­sy­lyň muk­da­ry bi­len tan­şa­nyň­da, buý­san­jy­ňa buý­sanç go­şul­ýar. Mu­nuň özi türk­men top­ra­gyn­da rys­gal-be­re­ke­diň gaý­nap joş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň eder­men gal­la­çy­la­ry ýy­lyň-ýy­ly­na Gal­la baý­ra­my­ny aý­ra­tyn joş­gun bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek we Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­nyň da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 600 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý tab­şy­ryp, aja­ýyp zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar.
Şu hep­dä­niň ba­şyn­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da güýz­lük bug­daý eki­şi­ne baş­lan­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip, eder­men gal­la­çy­la­ra ak pa­ta­sy­ny ýol­la­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu mö­hüm oba ho­ja­lyk çä­re­si­niň baş­la­ma­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat iş­gär­le­ri­ne ibe­ren ak pa­ta­syn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, oba ho­ja­ly­gy­nyň hem yzy­gi­der­li ös­ýän­di­gi­ni, ýur­du­myz­da daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi, top­rak­dan bol ha­syl al­ma­gy üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da uly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da eder­men daý­han­la­ry­myz ýo­ka­ry hil­li to­hum, dö­kün­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri, kä­mil oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry, ýe­ter­lik muk­dar­da suw hem-de beý­le­ki ze­rur se­riş­de­ler bi­len do­ly üp­jün edil­ýär. Türk­men daý­han­la­ry­nyň ön­dü­rü­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi, ola­ryň ha­lal zäh­me­ti­ne my­na­syp ba­ha be­ril­ýän­di­gi ola­ryň ene top­ra­ga yh­las siň­di­rip, on­dan bol ha­syl ön­dür­mä­ge, be­lent sep­git­le­re ýet­mä­ge hem-de tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­niň hö­zi­ri­ni gör­mä­ge hö­we­si­ni has-da art­dyr­ýar. Şeý­le-de, ola­ryň bar­ha ýo­ka­ry ha­syl al­ma­ga gy­zyk­lan­ma­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin oňat iter­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ola­ry has-da tu­tan­ýer­li zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar.
Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da sün­nä­läp, sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ren daý­han­çy­lyk kä­ri­ni hä­zir­ki­za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry bi­len baý­laş­dyr­mak­da, dün­ýä­niň iň kä­mil, kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ry­na ba­şar­nyk­ly erk edip, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek­de, äh­li ze­hi­ni­ni, gu­jur-gaý­ra­ty­ny siň­di­rip, be­re­ket­li ha­syl ýe­tiş­dir­mek­de nus­ga­lyk iş­le­ri bi­tir­ýän ba­şar­jaň daý­han­la­ry­myz, eder­men me­ha­ni­za­tor­la­ry­myz sa­nar­dan kän. Ola­ryň yh­las­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de hem ýy­lyň-ýy­ly­na ak bug­da­ýyň, şa­ly­nyň bol ha­sy­ly ýe­tiş­di­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz bug­daý eki­şi­ne ak pa­ta ber­mek bi­len gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zyň öňün­de mö­hüm we­zi­pe dur­ýan­dy­gy­ny, ekiş möw­sü­mi­ni gys­ga wag­tyň için­de ýo­ka­ry hil­li, ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­giň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­läp, ekiş möw­sü­min­de gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly­nyň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­nyň tu­tul­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da 17-nji aw­gust­da bug­daý eki­şi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­mä­ge ak pa­ta ber­di we il için­de sy­lan­ýan hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­myz­dan bug­daý eki­şi baş­lap ber­mek­le­ri­ni ha­ýyş et­di. Şeý­le­lik­de, türk­me­nis­tan­ly ba­ba­daý­han­lar öz­le­ri­ne bil­di­ri­len yna­my öde­mek üçin yh­las­ly zäh­met çe­ker­ler.
Dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň mad­dy hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­tyň stra­te­gi­k çel­gi­si­dir we mö­hüm ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, eder­men gal­la­çy­la­ry­my­zyň ön­dü­ren ak bug­da­ýy­nyň ýur­du­my­zyň sarp edi­ji­le­rin­den art­ýan möç­be­ri da­şar­ky ba­zar­la­ra ýer­le­nil­ýär. Bu bol­sa, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm ädim­le­riň bi­ri­dir. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men bug­da­ýy eks­port edi­lip, da­şar­ky ba­zar­la­ra-da çy­ka­ry­lyp baş­lan­dy. Mu­nuň özi ar­ly ýyl yh­las siň­di­ri­lip, taý­ýar­la­nan bug­da­ýyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi pug­ta­lan­dyr­mak­da-da äh­mi­ýet­li­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek nyg­ta­ma­ga esas ber­ýär. Bu bol­sa, oba ho­ja­ly­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, daý­han­la­ry hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tu­tum­ly iş­le­riň öz mi­we­si­ni ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Türk­men hal­ky­nyň ne­sil­ler­den ne­sil­le­re ge­çip gel­ýän aja­ýyp halk dö­re­di­ji­li­gin­de “Ýe­riň gör­ki gal­la­dyr, adam gör­ki el­de­dir” di­ýen ata­lar sö­zi bar. Zäh­met­sö­ýer pe­der­le­ri­miz gal­la­ny ýe­riň gör­ki sa­ýyp­dyr­lar. Hal­ky­myz güýz­lük bug­daý eki­şi­ne baş­lan­ýan döw­re gel­jek ýyl­la­ryň rys­gal-be­re­ke­di­niň baş­lan­gy­jy hök­mün­de ga­rap­dyr.
Biz ata Wa­ta­ny­myz­da ga­za­nyl­ýan äh­li üs­tün­lik­le­riň ruh­lan­dy­ry­jy­sy bo­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi tä­ze be­lent­lik­le­re ýe­tir­mek ba­bat­da alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­rin­de he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ryň ýar bol­ma­gy­ny di­leg ed­ýä­ris!

Ta­wus Öde­ber­di­ýe­wa,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.