Beýik Britaniýanyň “Z/Yen Group” ylmy-barlag institutynyň we Hytaýyň “China Development Institute” merkeziniň hünärmenleri dünýäniň iri maliýe merkezleriniň sanawyny taýýarlady. Şol sanawda ilkinji onluga ABŞ-nyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň şäherleri girizildi.
Dünýäniň iň iri maliýe merkezleri:
10. Los-Anjeles: dünýäniň iň iri ykdysady, ylmy we medeni merkezleriniň biridir. Şäheriň esasy pudagy maliýedir. Onda dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň merkezi edaralary ýerleşýär.
9. Ženewa: Şweýsariýanyň dünýäniň köp sanly iri halkara guramalarynyň merkezi edaralarynyň ýerleşýän şäheridir. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzüminiň, Gyzyl Haç guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we beýleki edaralaryň binalary ýerleşýär. Ol dünýäniň iň möhüm we gadymy maliýe merkezidir.
8. San-Fransisko: ABŞ-daky Demirgazyk Kaliforniýanyň iri ykdysady we medeni merkezi bolup, ýurduň meşhur şäherleriniň biridir. Silikon jülgesiniň peýda bolmagy bilen şäheriň ykdysadyýeti çalt depginlerde ösüp başlady.
7. Pekin: Hytaýyň paýtagty ýurduň iň uly şäherlerinden biridir. Syýasy, ylmy we medeni merkezidir. Soňky ýyllarda Pekin innowasiýa telekeçiligi we tehnologiýasy merkezi hökmünde şöhrat gazandy.
6. Gonkong: bu şäher diňe bir Hytaýda däl, eýsem, bütin dünýäde esasy ykdysady merkezdir. Gonkong dünýäniň iri kompaniýalarynyň aglabasynyň ýerleşýän möhüm maliýe we ykdysady merkezidir.
5. Singapur: köp sanly maýa goýumlaryň amala aşyrylýan ösen şäherleriniň biridir. Ol diňe bir maliýe we ykdysady merkez bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş derejesi boýunça hem ýokary şäherdir. Pes salgyt salýan korporasiýalary özüne çekýär.
4. Şanhaý: Hytaýyň möhüm maliýe we medeni merkezidir, şeýle hem dünýäniň iň uly deňiz portudyr. Bu diňe bir maliýe merkezi däl, eýsem, esasy söwda merkezidir. Şäherde Şanhaý gazna biržasy, altyn biržasy we beýleki täjirçilik edaralary ýerleşýär.
3. Tokio: Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň iň uly şäherlerinden biri bolup, Ýaponiýanyň paýtagtydyr. Tokio iri halkara maliýe merkezi we dünýäniň iň iri maýa goýum banklarynyň we ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň jemlenýän ýeridir.
2. London: dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezidir. Bu ýerde dünýä belli kompaniýalaryň köp sanlysy ýerleşýär. Pul we söwda gaznasy ugry boýunça dünýäniň iň uly merkezlerinden biri bolan Londonyň gazna biržasy bar.
1. Nýu-Ýork: dünýäniň möhüm maliýe, syýasy, ykdysady we medeni merkezidir. Şäherde “NYSE”, “Nasdaq”, Amerikanyň gazna biržasy, Nýu-Ýorkuň söwda biržasy we Nýu-Ýorkuň söwda palatasy ýaly iri edaralar ýerleşýär.
Begenç Bäşimow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.