Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym ulgamyny düýpli özgertmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ösüşlerini bilim ulgamy bilen berk baglanyşdyrýan Arkadag Prezidentimiz bu ulgamy has-da kämilleşdirmek maksady bilen sanly bilim ulgamyna geçilmegini aýratyn nygtaýar.
Bilim we terbiýeçilik işleriniň has-da kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň döwrebap bilimi üstünlikli özleşdirip bilmegi, ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini artdyrmagy bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi, ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dürli künjeklerinde bilim we terbiýe ojaklarynyň durky täzelenýär we döwrebap multimediýa hem-de innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylan orta mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde, welaýat merkezlerinde täze orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagy baradaky işiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň nyşanydyr.
Täze bilim ojaklarynda ylmyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmegi türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almak mümkinçiliklerini artdyrýar. Bu ulgamda ýaýbaňlandyrylýan toplumlaýyn özgertmeler meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrmak, innowasiýa senagatyny döretmek esasy ugur bolup durýar. Muňa aýdyň subutnama hökmünde ýurdumyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabatda gurlup, ulanmaga berlen Tehnologiýalar merkezi bilim bilen ylmyň, ylym bilen önümçiligiň arasyny berk baglanyşdyrýan ylmy merkezdir. Bu ylmy merkezde dünýäde ileri tutulýan ylmy ugurlar bolan nano-, bio-, maglumat, himiýa, iýmit, energiýany gaýtadan dikeltmek we daşky gurşawy goramak tehnologiýalary boýunça düýpli we amaly ylmy – barlag işleri ýerine ýetirilýär. Merkeziň barlaghanalarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň kämil innowasion kompýuter enjamlary bilen gurnalandygyny aýratyn bellemek gerek.
Ylym ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşmak, ylmy derejeleri artdyrmak meselesi döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Ine bilim ulgamynda geçirilýän özgerişleri ýokary okuw mekdepleriniň tehnologik üpjünçiligiň netijesinde hem görmek bolýar. Şonuň üçinem hut şu meselä berilýän üns aýratyn bellemäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener – tehnologiýalar uniwersitetiniň we Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň açylyp ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Elbetde, bu ýokary okuw mekdeplerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan otaglarda talyp ýaşlar bilim alýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli ulanmaga giň ýol açyp beren, halkymyzy kämil ösüş ýoly bilen täze sepgitlere alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.
Maýagözel MAJEKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.