Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýegine degişli girdejileri barada maglumat berdi. Tehnologiýa ägirdi üç aýlyk döwürde girdejisini 5 göterim artdyryp, 44,9 milliard dollara ýetiripdir. Ýaponiýanyň maýa goýum banky “Daiwa Securities”-iň bilermeni SK Kim öýünde oturyp işleýänleriň artmagy bilen maglumat merkezlerine islegiň ýokarlanandygyny, munuň netijesinde gysga wagtda kompaniýasynyň girdejisiniň artandygyny aýdýar.
Geçen ýyl peýda bolan eplenýän mobil enjamlar häzirki wagtda gymmat hasaplanýar. “Samsung” kompaniýasy eplenýän smartfonlaryň has arzan görnüşlisini çykarmagy maksat edinýär. Geçen ýyl kompaniýa ilkinji eplenýän enjamy “Galaxy Fold”-y 1980 dollardan satuwa çykarypdy. Golaýda bolsa, koreý kompaniýasy “Galaxy Z Flip” smartfonyny 1400 dollardan müşderilere ýetirdi. Indi bolsa, “Galaxy Fold 2” telefonynyň tanyşdyrylmagyna taýýarlyk görülýär. Bilermenler täze telefonyň bahasynyň 500 dollara çenli azaljakdygyny aýdýarlar. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl peýda bolan 5G telefonlary hem ilkibaşda gymmatdy. Olary öndürýänleriň sanynyň artmagy bilen bu telefonlaryň bahasy görnetin peseldi.