Hünärmenler birnäçe minutda dolýan we gyzmaýan batareýany işläp taýýarladylar. Synag maksady bilen ýasalan batareýa giňden ulanylýan litiý-ion batareýalara garanyňda has köp artykmaçlyk hödürleýär. Häzirki wagtda ulanylýan batareýalaryň köpüsini öndürmek üçin ýerasty magdanlardan peýdalanmaly bolýar. Bu batareýalar ulanyşdan galandan soňra olary gaýtadan peýdalanmak hem aňsat däl. Täze batareýa bolsa, daşky gurşawa zyýansyz materialdan ýasalypdyr. Ol bary-ýogy 100 sekuntda dolýar. Synag maksatly öndürilen batareýanyň ululygy ilik ýalyrak bolup, onuň kuwwaty 60 mAh-a (milliamper/sagat: batareýanyň bir gezekde saklaýan energiýa mukdary) barabar. Batareýany işläp düzen hünärmenler onuň gyzmaýandygyny we tutaşmak ýa-da eremek howpunyň ýokdugyny aýdýarlar. Şeýle hem bu batareýa 24 derejä çenli sowuk howada hem işleýär. Hünärmenler onuň has uly nusgalaryny öndürip, dürli maksatlar üçin ulanyşa taýýar etmegiň aladasyny edýärler.