Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini üzül-kesil ýokarlandyrmak, sagdyn durmuşyny, uzak ömür sürmegini gazanmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli Liderimiziň zähmet dynç alşynda bolýan wagty 5-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň şypahanalar düzüminiň üstüni ýetiren täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýany boldy.
Gysga döwrüň içinde gojaman Hazaryň tylla kenarynda “Ak ýelken” kottejler toplumy hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça bina edilen, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamy üçin niýetlenen ýaht-klub we “Tolkun” kottejler toplumy ýalkym saçdy.
4,48 gektar meýdanda ýerleşen “Ak ýelken” täze kottejler şäherçesiniň gurluşygyny ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalar amala aşyrdylar. Ol ýerde kottejleriň 50-si bolup, olaryň her biri 163,2 inedördül metr meýdanda ýerleşdirilipdir. Olaryň her biri dört maşgala niýetlenendir. Mundan başga-da toplumyň çäginde gurlan meýdany 360 inedördül metre barabar bolan goşa kottejleriň 4-si, “lýuks” derejeli iki gatly kottejler, şeýle hem edara hem-de tehniki maksatly binalar bar.
Awazanyň gözelligine gözellik serpaýyny ýapan “Tolkun” kottejler toplumy we ýaht-klub hem bu künjekde ajaýyp keşbe eýe boldy. Ony türkiýeli potratçylar bilen türkmen gurluşykçylary gurdular. 16,58 gektar meýdanda gurlan bu toplumda 412 orunlyk 25 kottej bar.
“Tolkun” kottejler toplumynyň binalarynyň ýerleşişi aýratyn keşbe eýedir. Umumylykda ol “tumar” diýen türkmen bezegini emele getirýär. 12 orunlyk willalaryň 7-si, 16 orunlyk kottejleriň 8-si we 20 orunlyk kottejleriň 10-sy topluma aýratyn ýaraşyk berýär. Bu ýerdäki iki orunlyk hem-de 6-8 adamlyk maşgala otaglary, VIP otaglary elýeterli edilip, dynç alyş düzümi talabalaýyk ýerine ýetirilipdir.
Bu ýerde ýaht-klubdan we okuw merkezinden, çagalar klubundan, çagalar we sport meýdançalaryndan, üsti açyk we ýapyk suwa düşülýän howuzlardan, emeli tolkunly howuzdan, emeli kölden, restorandan, kafeden we beýleki desgalardan peýdalanmak üçin ähli mümkinçilikler bar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, degişli syýahatçylyk we şypahana-dynç alyş, ulag-aragatnaşyk we tehniki düzümleri kemala getirmek işinde iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hem-de döwrebap inženerçilik çözgütlerini peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Awazanyň kenarýaka dynç alyş zolagynyň gerimini we mümkinçiliklerini has-da giňeltmek hormatly Prezidentimiziň hemişelik aladasy bilen gurşalandyr. 6-njy awgustda milli Liderimiziň deňiz şypahanasyny abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşmagy muny nobatdaky sapar aýan etdi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde – Hazaryň türkmen kenarynda bina edilen desgalary – köp sanly sagaldyşhanalary, medeni dynç alyş we sport toplumlaryny, şeýle hem deňiz dynç alşynyň iň owadan gözellikleriniň biri bolan Awaza derýasynyň iki kenarynyň ugry boýunça ýaýylyp gidýän dynç alyş seýilgähini synlady. Bu synlaýyş soňra eziz Arkadagymyzyň “Galkynyş” ýahtasynda deňiz ýakasyna aýlanmagy bilen dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz “Ekonom topar” – Türkmenistanyň ilaty üçin elýeter bahaly hyzmatlar bloklaryny ösdürmek boýunça çäreleri işjeň amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Ýakyn geljekde Hazar deňziniň kenarynda dünýä derejesindäki kaşaň myhmanhanalaryň we ýokary amatlykly willalaryň onlarçasynyň peýda boljakdygy diýseň guwandyryjydyr. Häzirki döwürde bu ýerde sebitde iri dynç alyş we güýmenjeler merkezi bina edilýär. Onuň iki sany – açyk we ýapyk akwaparklary, okeanariumy, awtodromy, daýwing mekdebi, sport, öwreniş we dynç alyş attraksionlary bolar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy her bir tarapdan nazar salanyňda, kalbyňda iň tämiz, ýakymly duýgulary oýarýar. Haçan-da, asman giňişliginden nazar salanyňda welin, ol has-da gözel, özüne çekiji. Zähmet rugsadynda bolan günleriniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz 7-nji awgustda dikuçarda deňizýaka dynç alyş ýerleriniň täze gurluşyklarynyň üstünden uçuş amala aşyryp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşmagyny dowam etdi. Türkmen tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, daglary-düzleri, deňizleri-derýalary – diýseň täsin gözellige eýe. Awaza şeýle ajaýyp, söz bilen beýan edip bolmajak derejede gözel künjekleriň biri.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyň barşynda bu gözel künjekde ýerleşen deňiz dynç alşyny depginli ösdürmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň Baş meýilnamasy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz gurulýan, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada ähli ownuk zatlary hem seljermegiň we hasaba almagyň zerurdygyny belledi.
Häzirki günlerde Awaza eziz Arkadagymyzyň taýsyz aladasy we yzygiderli zähmeti netijesinde, dünýä syýahatçylyk äleminde aýratyn orny eýeleýär. Milli Liderimiziň deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriniň netijesinde bu günki gün arzuwly mekan Awaza dynç almaga we saglygyny berkitmäge dünýä ýurtlaryndan gelýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar.
Mahbuba GAFUROWA,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy.