Ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ýan muk­da­ry ge­çen ýyl re­kord de­re­jä ýet­di. Hal­ka­ra gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, “ýa­şyl” ener­gi­ýa hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň ener­gi­ýa ze­rur­ly­gy­nyň üç­den bi­ri­ni üp­jün ed­ýär. Hal­ka­ra gu­ra­ma soň­ky on ýyl­da dün­ýä­de “ýa­şyl” ener­gi­ýa üçin 3 tril­li­on dol­la­ra go­laý ma­ýa go­ýum goý­lup­dyr. Gu­ra­ma 2030-njy ýy­la çen­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li ho­wa­nyň öňü­ni alyş mak­sat­na­ma­sy­na ýet­mek üçin aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne go­ýul­ýan ma­ýa go­ýu­myň ýe­ne-de iki es­se kö­pel­dil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­ýär. Mag­lu­mat­da Ýew­ro­pa­da we ABŞ-da kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­riň aza­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. 2019-njy ýyl­da “ýa­şyl” ener­gi­ýa­nyň 55 gö­te­ri­mi Gün pa­nel­le­rin­den al­nyp­dyr. Bu ugur­da Azi­ýa ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­läp­dir. Yk­lym­da Hy­ta­ýyň, Hin­dis­ta­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň we Wýet­na­myň al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne has köp ma­ýa go­ýum goý­ýan­dy­gy mä­lim edil­ýär. ABŞ, Awst­ra­li­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ger­ma­ni­ýa we Uk­rai­na al­ter­na­tiw ener­gi­ýa­nyň ös­ýän dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry hök­mün­de ag­za­lyp ge­çil­ýär. Ýel­den alyn­ýan ener­gi­ýa hem aras­sa çeş­me­le­riň ara­syn­da ikin­ji ýer­de dur­ýar (34%). Bu ugur­da Hy­taý öň­de­li­gi (204 müň MW) eýe­le­ýär. ABŞ-nyň, Ang­li­ýa­nyň we Da­ni­ýa­nyň ýel­den has köp peý­da­lan­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Tür­ki­ýe, In­do­ne­zi­ýa we Ke­ni­ýa geo­ter­mal, ýag­ny ýe­ras­ty gyz­gyn suw­dan alyn­ýan ener­gi­ýa­da öňe saý­lan­ýar.