Oýun sport meý­dan­ça­la­ryn­da ýa-da
sport desgasynda oý­nal­ýar
Oý­na taý­ýar­lyk. Oý­na 10-dan 30-a çen­li oýun­çy gat­na­şyp bi­ler. Oýun­çy­lar bi­je aty­şyp, sa­na­waç sa­na­şyp, mö­je­gi we ço­pa­ny saý­la­ýar­lar. Ga­lan oýun­çy­lar ço­pa­nyň go­ýun­la­ry bol­ýar­lar. Hem­me oýun­çy­lar ço­pa­nyň yzyn­da bi­r-bi­ri­niň bi­lin­den tu­tu­şyp, meý­dan­ça­nyň bir gy­ra­syn­da dur­ýar­lar. Mö­jek bol­sa meý­dan­ça­nyň or­ta­syn­da dur­ýar.
Oý­nuň oý­na­ly­şy. Ýol­baş­çy­nyň rug­sa­dy bi­len mö­jek ço­pa­na ýüz­le­nip: “Etek-etek al­mam bar” diý­ýär. On­da ço­pan oňa: “Sü­ri-sü­ri goý­num bar” di­ýip, jo­gap ber­ýär we mö­jek­den: “Al­maň­dan da­dy­raý!” di­ýip so­ra­ýar. On­da mö­jek ço­pa­na: “Bir al­ma bir go­ýun çal­şa­ly” di­ýip, tek­lip ed­ýär. Ço­pan oňa: “Ýok” di­ýip ra­zy­la­şa­nok. Şon­dan soň: “Bir goý­ny al­jak” di­ýip, sü­rü­si­ne to­pul­ýar. Ço­pan hem oňa: “Ha­ny, al­jak bo­lu­bam gör!” di­ýip, mö­je­ge gar­şy­lyk gör­ke­zip baş­la­ýar. Mö­jek her dür­li he­re­ket edip, sa­pa­lak atyp, go­ýun­la­ryň dü­zü­mi­niň iň soň­ku­sy­ny tut­ma­ga sy­na­nyş­ýar. Go­ýun­la­ram oňa tut­dur­ma­jak bol­şup, sa­ga-so­la he­re­ket ed­ýär­ler. Eger mö­jek go­ýun­la­ryň dü­zü­mi­niň iň soň­ku­sy­ny tu­tup bil­se, on­da olar ýer­le­ri­ni ça­lyş­ýar­lar we oýun tä­ze­den do­wam ed­ýär.
Oý­nuň düz­gün­le­ri:
1. Ço­pan di­ňe eli­ni ge­rip, go­ýun­la­ry mö­jek­den go­rap bi­ler.
2. Müm­kin bol­du­gy­ça oýun­çy­la­ry mö­je­giň, ço­pa­nyň we dü­zü­miň iň soň­ky oýun­çy­sy­nyň or­nun­da bo­lar ýa­ly edip oý­nat­ma­ly.