Suw gaý­nan wag­ty lakyr­dap ses çy­kar­ýan­dy­gy­ny eşit­me­dik ýok­dur? Suw en­tek gaý­nap baş­la­man­ka şyg­gyl­dap ses ed­ýär. Eý­sem, suw gy­za­nyn­da nä­dip ses çy­kar­ýar­ka?!
Oduň üs­tün­de du­ran ga­byň il­ki aşa­gy gyz­ýar. Ga­byň aşak ta­ra­pyn­da­ky gyz­ýan te­kiz­li­ge de­gip du­ran su­wuň gyz­gyn­ly­gy bir­den ar­tan­soň, gyz­ýan gat­lak­da­ky ba­syş düş­ýär. Ba­syş pe­se­len­soň, ki­çi­jik bug kö­pür­jik­le­ri peý­da bol­ýar. Bu kö­pür­jik­ler suw­dan ýe­ňil bo­lan­soň, ga­byň ýo­ka­rsy­na çy­kyp baş­la­ýar. Ga­byň ýo­kar­syn­da­ky suw bol­sa, en­tä­gem aşak­da­ky ýa­ly gyz­gyn bol­man­dy­gy üçin bu ýer­de ba­syş ýo­ka­ry bol­ýar. Kö­pür­jik­ler ýo­ka­ry ga­lyp so­wuk gat­la­ga ýe­te­nin­de bü­zül­ýär. Bü­zü­len kö­pür­jik­ler yr­gyl­dy eme­le ge­ti­rip, ses dö­red­ýär. Ga­byň da­şy el­le­nen­de, ony du­ýup hem bol­ýar. Em­ma gyz­gyn­dy­gy se­bäp­li bu mas­la­hat be­ril­me­ýär. Ga­byň ulu­ly­gy­na we şe­ki­li­ne gö­rä, gaý­nap baş­lan su­wuň se­si­niň güý­ji hem baş­ga­ça bol­ýar. Gaý­nap baş­lan­dan soň­ra bol­sa, su­wuň çy­kar­ýan se­si üýt­ge­ýär. Se­bä­bi gap­da­ky su­wuň äh­li­si deň de­re­je­de gyz­ýar.