UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy şu möw­sü­mi hem ha­sa­ba al­saň, 65-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Fut­bo­lyň iň naý­ba­şy ýa­ryş­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän bu bäs­le­şi­giň şol 64 möw­sü­mi­niň äh­li­sin­de çy­kyş eden ýe­ke to­par hem ýok. Ýa­ry­şa gat­naş­mak ba­bat­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji, ku­bo­gy iň köp eýe­län “Re­al Mad­rid” to­pa­ry­na de­giş­li­dir. Saý­la­ma tap­gy­ry­ny-da ha­sa­ba ala­nyň­da, mad­rid­li­ler 65 möw­sü­miň 50-sin­de UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li ýa­ry­şy­na we­kil­çi­lik et­di. “Re­al Mad­rid” to­pa­ry şol 50 möw­sü­miň di­ňe 1-in­de saý­la­ma tap­gy­ry­ny ge­çip bil­me­di. “Re­al Mad­ri­de” iň go­laý to­par “Ben­fi­ka” bo­lup, por­tu­gal klu­by 39 ge­zek gat­na­şyp, ikin­ji ýe­ri eýe­le­ýär. 3-nji ha­tar­da “Ba­wa­ri­ýa”, “Aýaks”, “Di­na­mo K” klub­la­ry 36 ge­zek bu ar­zy­ly ýa­ryş­da çy­kyş et­di.
1992-nji ýyl­da ady­ny we ge­çi­ri­liş ter­ti­bi­ni üýt­ge­den ýa­ryş­da ozal­lar di­ňe mil­li çem­pio­na­tyň ýe­ňi­ji­le­ri çy­kyş ed­ýär­di. Çem­pi­on­lar li­ga­sy döw­rü­niň baş­lan­ma­gyn­dan soň, Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ry­nyň her­sin­den 4 klub gat­na­şyp ug­ra­dy. Şol se­bäp­li ir­ki ýyl­lar­da yzy­gi­der­li ýag­daý­da bu ýa­ryş­da çy­kyş et­mek köp to­pa­ra ba­şart­ma­dy.
Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­la­ry­nyň Ku­bo­gy/UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ýa­ry­şy­na iň köp gat­na­şan to­par­lar (saý­la­ma tap­gyr­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da):
“Re­al Mad­rid” – 50, “Ben­fi­ka” – 39, “Ba­wa­ri­ýa” – 36, “Aýaks” – 36, “Di­na­mo K” – 36, “Ýu­wen­tus” – 34, “Por­to” – 34, “Sel­tik” – 34, “An­der­leht” – 34, “Olim­pia­kos” – 32, “Bar­se­lo­na” – 30, “Reýn­jers” – 30, “M. Ýu­naý­ted” – 28, “Mi­lan” – 28, PSW – 28, “Ga­la­ta­sa­raý” – 26, “Srwe­na Zwez­da” – 25, “Li­wer­pul” – 24, “Ar­se­nal” – 21, “In­ter” – 21.

Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­la­ry­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň 3-nji möw­sü­mi­ne 24 to­par gat­naş­ýar. Ir­lan­di­ýa­nyň, De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň hem-de şol wagt­ky Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň to­par­la­ry il­kin­ji ge­zek çy­kyş ed­ýär. Saý­la­ma tap­gy­ryn­da “Srwe­na Zwez­da” Lýuk­sem­bur­gyň “Stad Du­de­lanž” to­pa­ry­ny uly ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär (5–0, 9–1). 2-nji du­şu­şyk­da Ço­kiç bi­len Kos­ti­çiň her­si 4 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Bir ýyl­lyk ara­kes­me­den soň, gat­na­şan “Mi­lan” öz meý­dan­ça­syn­da Awst­ri­ýa­nyň “Ra­pid” to­pa­ry­ny 4–1 ut­ýar. Ýö­ne jo­gap oý­nun­da 5–2 ýe­ňil­ýär. Ne­ti­je­de, 3-nji du­şu­şyk oý­nal­ýar we ital­ýan to­pa­ry 4–2 ýe­ňiş ga­za­nyp, ýa­ry­şy do­wam et­dir­ýär.
1-nji tap­gyr­da çem­pi­on “Re­al Mad­rid” Bel­gi­ýa­nyň “Ro­ýal Ant­werp” to­pa­ry­ny 2–1 we 6–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­me­gi ba­şar­ýar. 1-nji oýun­da Di Ste­fa­no 2, 2-nji du­şu­şyk­da Ri­al 3 gol ge­çir­ýär. “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” Pra­ga­nyň “Duk­la” to­pa­ryn­dan 2-nji oýun­da 1–0 utul­sa-da, öz meý­dan­ça­syn­da ga­za­ny­lan 3 gol­ly ýe­ňiş ola­ra ýe­ter­lik bol­ýar. Saý­la­ma tap­gy­ryn­da kyn­çy­lyk çe­ken “Mi­lan” 1-nji tap­gyr­da “Reýn­jer­si” myh­man­çy­lyk­da 4–1, öz meý­dan­ça­syn­da-da 2–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär.
Çär­ýek fi­nal­da tu­tuş fut­bol dün­ýä­si­ni gy­nan­dy­ran wa­ka bo­lup geç­ýär. Öz meý­dan­ça­syn­da “Srwe­na Zwez­da­ny” 2–1 ýe­ňen “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” jo­gap du­şu­şy­gyn­dan soň pa­jy­ga­ly wa­ka­ny baş­dan ge­çir­ýär. 3–3 deň­me-deň ta­mam­la­nan oýun­dan soň, “ýu­naý­ted­li” oýun­çy­la­ry alyp bar­ýan uçar Ger­ma­ni­ýa­nyň Mün­hen şä­he­ri­niň ho­wa men­zi­lin­de he­läk­çi­li­ge uç­ra­ýar. Şon­da iň­lis klu­bu­nyň kä­bir fut­bol­çy­la­ry ara­dan çyk­ýar. Şu wa­ka­la­ryň kö­le­ge­sin­de ge­çen ýa­ry­şyň beý­le­ki çär­ýek fi­nal oýun­la­ryn­da “Re­al Mad­rid” “Se­wil­ýa­ny” 8–0 ýeň­ýär. Du­şu­şyk­da Di Ste­fa­no 4, Ko­pa 2 gol ge­çir­ýär. Jo­gap oý­ny 2–2 deň­lik­de ta­mam­lan­ýar. 1-nji oýun­da deň­me-deň oý­nan “Mi­lan­dyr” “Wa­sas” to­par­la­ry öz meý­dan­ça­syn­da 4 gol­ly ýe­ňiş ga­za­nyp, ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­ýar­lar. 3-nji ýa­ryş­da 2-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la çy­kan “Mi­lan” “Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dy” (1–1, 1–4), wen­ger­le­riň “Wa­sa­sy” bol­sa, “Aýak­sy” (2–2, 0–4) ýa­ryş­dan çy­kar­ýar.
Ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da “Re­al Mad­rid” “Wa­sas” to­pa­ry­ny 4–0 ut­ýar. Du­şu­şyk­da Di Ste­fa­no 3 pök­gi­ni der­we­zä gi­riz­ýär. Jo­gap du­şu­şy­gyn­da “Re­al” 2–0 utul­sa-da bas­syr 3-nji ýo­la fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­ýar. Bo­lup ge­çen pa­jy­ga­ly wa­ka­dan 3,5 aý soň oý­na­lan du­şu­şyk­da “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” öz meý­dan­ça­syn­da “Mi­la­ny” ka­bul ed­ýär. Iň­lis klu­by Wi­ol­let we E. Teý­lo­ryň gol­la­ry bi­len 2–1 ýeň­ýär. Jo­gap oý­nun­da “Milan” Şi­af­fi­no­nyň (2), Li­ed­holm hem-de Da­no­wa­nyň gol­la­ry bi­len 4–0 utup, il­kin­ji sa­par fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­ýar.
Fi­nal du­şu­şy­gy Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­dä­ki meş­hur “Heý­sel” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. 1958-nji ýy­lyň 28-nji ma­ýyn­da ge­çi­ri­len fi­na­la 70 müň jan­kö­ýer gat­na­şyp, oý­na bel­gi­ýa­ly Al­bert Als­tin emin­lik ed­ýär. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­ýar. 2-nji ýa­rym­da, has ta­ky­gy, 59-njy mi­nut­da urug­waý­ly Hu­an Şi­af­fi­no­nyň go­ly bi­len “Mi­lan” öňe saý­lan­ýar. 74-nji mi­nut­da Alf­re­do Di Ste­fa­no ha­sa­by deň­le­ýär. Bu gol­dan 3 mi­nut soň, “Mi­la­nyň” ar­gen­ti­na­ly oýun­çy­sy Er­nes­to Gril­lo ital­ýan to­pa­ry­ny tä­ze­den öňe çy­kar­ýar. Ýö­ne is­pan to­pa­ry­nyň jo­ga­by gi­jik­me­ýär. 79-njy mi­nut­da Hek­tor Ri­al ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­ýar. Oý­nuň esa­sy wag­ty 2-2 deň­lik­de ta­mam­lan­ýar. Goş­ma­ça wagt­da-da, ýag­ny 107-nji mi­nut­da Fran­sis­ko Hen­to is­pan to­pa­ry­na bas­syr 3-nji çem­pi­on­ly­gy ge­ti­ren go­ly öz ady­na ýaz­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, “Re­al Mad­rid” yz­ly-yzy­na 3-nji ge­zek Ýew­ro­pa­nyň iň uly ku­bo­gy­ny eýe­le­ýär.

Alf­re­do Di Ste­fa­no
“Re­al Mad­rid” to­pa­ry­nyň ägirt­le­rin­den Alf­re­do Di Ste­fa­no La­ul­ýe 1926-njy ýylyň 4-nji iýu­lyn­da Ar­gen­ti­na­nyň paý­tag­ty Bue­nos Aý­res­de dün­ýä in­ýär. 1945-nji ýyl­da “Ri­wer Pleýt­de” fut­bo­la baş­lan Di Ste­fa­no soň­lu­gy bi­len “Hu­ra­kan”, “Mil­lio­na­ri­us”, “Re­al Mad­rid” hem-de “Es­pan­ýol” klub­la­ryn­da oý­na­ýar. As­ly ar­gen­ti­na­dan bo­lan Di Ste­fa­no mil­li ýy­gyn­dylaryň 3-siniň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Ol il­ki Ar­gen­ti­na­nyň, soň­ra Ko­lum­bi­ýa­nyň hem-de Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ryn­da oý­na­ýar. Sa­ry peý­kam la­kam­ly Di Ste­fa­no “Re­al Mad­rid” to­pa­ry bi­len UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li ku­bo­gy­ny 5 ge­zek eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Ol bu ba­bat­da to­par­da­şy Hen­to­dan soň, 2-nji or­ny Pao­lo Mal­di­ni, Kris­tia­no Ro­nal­do da­gy bi­len paý­laş­ýar. Di Ste­fa­no Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­la­ry­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 49 gol ge­çi­rip, bu ugur­da 8-nji ha­tar­da bar­ýar. Ol bu ýa­ry­şyň çä­gin­de bas­syr 5 fi­nal du­şu­şy­gyn­da ta­pa­wut­la­nyp, gaý­ta­lap bol­ma­jak re­kor­dyň eýe­si­dir. Ol hä­zir­ki ady Çem­pi­on­lar li­ga­sy bo­lan ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da 7 gol ge­çi­rip, bu ugur­da dos­ty hem to­par­da­şy Fe­rens Puş­kaş bi­len re­kor­da şä­rik­dir. 2014-nji ýyl­da 88 ýa­şyn­da ara­dan çy­kan Di Ste­fa­no 2 ge­zek “Al­tyn top” baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­ýär. “La Li­ga­da” 8 çem­pi­on­lyk ga­za­nan Di Ste­fa­no baş­ga-da bir­nä­çe çem­pi­on­lyk­la­ryň, ku­bok­la­ryň, re­kord­la­ryň, baý­rak­la­ryň eýe­si­dir.