2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň,
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam
Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň
arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.
Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy
A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň
Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams
ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygy
meseleleri, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gurluşyk taslamasy boýunça
alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Owganystandan üstaşyr geçýän ýük
gatnawlaryny işjeňleşdirmek we wagonlaryň ulanylyşy hem-de “Lapis
Lazuli” Ylalaşygyna gatnaşyjy agza ýurtlaryň arasynda ulag geçelgesini
geljekde ösdürmek barada pikir alyşdylar. Demir ýol ulaglary ulgamynyň
işlgärlerine wiza resmileşdirmek meselelerine we beýleki meselelere hem
seredildi.