Aşhanada işe gutarma ýok. Irden, gündiz, agşamara hemişe diýen ýaly nahar-şor edilýär. Şonuň üçin, gyzan ýagyň, bişirilýän tagamyň ysy çykýar. Kähalatda bolsa, naharyň ýanmagy hem mümkin. Eýsem, aşhanada ýakymly ysyň bolmagy üçin näme etmeli?
Aşhanada iň köp ulanylýan önümleriň biri hem limondyr. Gyşda has köp peýdalanylýan hem bolsa, limon ýylyň islendik paslynda işdäaçarlara özboluşly lezzet berýär. Limonyň turşuja suwy nahara tagam berýän bolsa, onuň gabyklary hem dürli maksatlar bilen peýdalanylýar. Otagda ýakymly ys döretmek üçin limony kesişdiriň! Limon dilimlerini kiçiräk demir gaba salyp, üstüni ýapar ýaly suw guýuň! Soňra ony gaýnadyň! Gaýnan limonly suwuň ýakymly ysy otagy gaplar. Onuň suwuny ulanyp, aşhana mebellerini süpürmek üçin ulanyp bilersiňiz! Eger düýbi tutan gazan bar bolsa, ony şol limonyň gabyklary bilen arassalaň!
Öýde ýakymly ys döretmegiň ýene bir usuly şampundan peýdalanmakdyr. Ujy pürkülýän gapakly gaba gowy ysly şampundan biraz guýup, üstüne suw goşuň! Mazaly çaýkandan soňra, aşhana mebellerine, diwana, perdelere sepiň! Soňra olary arassa esgi bilen süpüriň!
Egin-eşikleri ýumşadyjy serişdäni bir gaba guýuň! Üstüne şonçarak suw guýuň! Munuň üçin serişde gabynyň gapagyny ölçeg hökmünde ulanyp bilersiňiz. Soňra bu ergin bilen öý mebelleriňizi süpürseňiz, otagyňyzda ýakymly ys peýda bolar.
Pes otda gyzdyrylan wanil hem ýakymly ys döredýär. Kiçijik saja 2 paket wanil guýuň! Soňra ýuwaşlyk bilen gyzdyryň!
Ýokarda berlen maslahatlary ýerine ýetireniňizde penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmelidigini unutmaň!