Russiýaly lukman-dietolog Margarita Korolýewa bedeniň kesellere garşy durujylyk ukybyny güýçlendirmek üçin haýsy iýmitleriň peýdalydygy barada aýtdy. Hünärmen sarymsagyň we zenjebiliň ynsan immunitetini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetini belläp, düzüminde sink bolan önümler bilen bedeni has-da güýçlendirip bolýandygyny tassyklady. Hünärmeniň pikiriçe, wirusa garşy täsiri uly bolan sink, bedeniň gorag ulgamy üçin möhüm elementdir. Sink esasan, hoz, günebakar, kädi tohumy, miweler, gök önümler, noýba, nohut we et ýaly önümleriň düzüminde bolýar. Şol bir wagtyň özünde deňiz önümleriniň has köp iýilmelidigini hünärmen belledi.
Sink A witamini bilen oňat özleşýär. A witamini gök önümlerde, miwelerde, etde, balykda we limonda saklanýar. Bedeniň kesellere garşy durujylygyny güýçlendirýän E witamini hem möhümdir. Biziň bedenimiziň tebigy önümleriň düzümindäki B toparynyň witaminlerine, şol sanda, magnä zerurlygy bar – diýip, lukman aýtdy.
Margarita Korolýewa mümkin boldugyça köp suwuklyk içmegi maslahat berdi, sebäbi ol bedendäki toksinleri çykarmaga ýardam berýär.
– Elbetde, C witaminine baý bolan gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli. Şeýle hem, immun ulgamynyň köp babatda içegeler üçin zerur bolan keleme baglydygyny ýatdan çykarmaly däldiris – diýip, hünärmen sözüni soňlady.