Güller diýary hasaplanýan Niderlandlar Patyşalygynyň Lisse şäherindäki Kýokenhof diýilýän çigildemler meýdançasyna her ýyl bir milliondan gowrak jahankeşde gezelenç edýär. Kýokenhof Niderlandlaryň günortasynda bolup, ol paýtagt Amsterdamyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Dünýäniň iň uly çigildem bagy hasaplanýan bu ýer 70 ýyldan gowrak wagt bäri jahankeşdeleri özüne maýyl edýär.
Tutuş ýylyň dowamynda 2 aý, ýagny mart aýynyň ortalaryndan maý aýynyň ortalaryna çenli aralykda syýahatçy kabul edýän bu ýere her günde 26 müň adam gezelenç edýär. Bu ýere gelýänleriň 20 göterimi ýerli ilat bolup, 40 göterimi-de Niderlandlaryň goňşy ýurtlarynyň, galanlary-da dünýäniň beýleki döwletleriniň syýahatçylarydyr. 2014-nji ýylda bu ýere gelýänleriň sany ilkinji gezek 1 milliondan geçdi. 2017–2018-nji ýyllarda bolsa, biri-birinden owadan gülleri görmäge gelenleriň sany 1,4 milliona ýetdi. Geçen ýylda 1,5 million syýahatçy hasaba alyndy. Mahlasy, bu owadan seýilgähe soňky ýyllarda her ýylda 100 döwletden 1–1,5 million töweregi jahankeşde gelýär. Ýöne bu ýyl dünýäde emele gelen ýagdaý sebäpli syýahatçy kabul etmez. Adatça, her gün 08:30–19:30 aralygynda gezelenç edilýän seýilgähde Çaý bagy, Dynç alyş-romantika bagy, Söýgi bagy, Hipster bagy, Delft Blue bagy ýaly bölümler bar. Seýilgähe girmek tölegli bolup, 4 ýaşdan kiçi çagalar üçin töleg alynmaýar.
32 gektarlyk meýdana oturdylan gül nahallarynyň sany 7 milliondan geçýär. Olaryň 4,5 milliona golaýy dürli reňkdäki çigildem nahaljyklarydyr. Şeýle-de, hýasintleriň, muskarileriň, gyrymsy hazelleriň, dafodilleriň, krokuslaryň maşgalasyna degişli beýleki güller hem bar. Şol gülleriň hersiniň aýratyn pawilýonlary bolup, käbir pawilýonlarda güller esasynda Niderlandlaryň tanymal şahsyýetleriniň şekilleri jahankeşdelerde ýakymly täsirler galdyrýar. Bu ýerdäki güller 500-e golaý gülçi tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen nahaljyklardyr. Şol bir wagtyň özünde seýilgähi kiçeňräk köl, suw howuzlary, şarlawuk, ýörite gurlan ýapjagazlar, köprüler, Niderlandlaryň nyşanyna öwrülen gadymy ýel degirmenleriniň nusgalary bezeýär. Bu ýerde dürli agaçlaryň 2,5 müň görnüşi bolup, seýilgäh jahankeşdeler tarapyndan dünýäniň iň köp surata düşürilýän ýerleriniň biridir. Mahlasy, jahankeşdeler üçin ýörite düşelen ýodanyň umumy uzynlygy 15 kilometre deňdir. Seýilgähiň çägindäki käbir pawilýonlarda çigildem nahaljyklary we dürli gülleriň tohumlary hem satylýar.
Şäherçe 15-nji asyrda gurlupdyr. Çigildem seýilgähi diýen düşünje 1949-njy ýylda şäherçedäki käbir gülçüleriň özara maslahatyndan soň peýda bolýar. Seýilgäh ilkinji gezek 1950-nji ýylda Bahar bagy ady bilen syýahatçy kabul edip başlaýar. Şol ýyl bu ýere 236 müň adam gezelenç edýär. Şanyň maşgalasy tarapyndan hem uly goldaw berilýän bu seýilgäh ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşýar.