Finlýandiýanyň Helsinki Tehnologiýa uniwersitetinde zähmet çeken professor Juhani Pallasmaa “Haýwan binagärligi” atly kitabynda arylaryň we ýabany arylaryň altyburçluk görnüşli öýjükleriniň adatdan daşary berk gurluşy emele getirýändigini belleýär. Kitapda 37×22,5 santimetr ölçegli öýjügiň bary-ýogy 40 gram mumdan ýasalýandygy, muňa garamazdan, 1,8 kilogram baly göterýändigi aýdylýar. “Polistes” atly ýabany arylar bolsa, öýlerini mumdan däl-de, agaç süýüminden, ýagny kagyzdan ýasaýar. “Nature” ylmy žurnalynda köp ýyllap zähmet çeken Filip Ball bolsa, bal saklanýan ary öýjükleriniň ajaýyp binagärlik täsinligidigini belleýär. Alym olaryň diwarynyň galyňlygynyň örän takyk ölçegdedigini, her bir öýjügiň sähelçe gyşyk ýasalyp, balyň akmagynyň öňüniň alynýandygyny belleýär. Bir meýdany deň kiçi böleklere bölmegiň iň tygşytly we aňsat ýolunyň altyburçlukdygy aýdylýar. 1999-njy ýylda ABŞ-nyň Miçigan uniwersitetiniň professory, matematik Tomas Hales bu maglumaty subut etdi. Bu barada taýýarlanan ylmy makala 2001-nji ýylda “Discrete & Computational Geometry” atly žurnalda çap edildi.